Halkara düzümlerinde Türkmenistanyň wekilleri bellenildi | TDH
Syýasat habarlary

Halkara düzümlerinde Türkmenistanyň wekilleri bellenildi

опубликованно 27.02.2017 // 958 - просмотров
 

Ýurdumyzyň täze ýolbaşçy düzüminiň emele getirilmegi bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara düzümlerinde wekilhanalary babatynda birnäçe Karara gol çekdi.

Hususan-da, maliýe ministri Muhammetguly Atamuhammedowiç Muhammedow Türkmenistanyň Hökümetinden Ýewropa Bileleşiginiň halkara tehniki kömek baradaky milli utgaşdyryjysy we Bütindünýä bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerine bellenildi.

Maliýe ministriniň orunbasary Röwşen Muhammetçaryýewiç Nurýagdyýew Halkara pul gaznasynyň Türkmenistandan dolandyryjysynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

Merkezi bankyň başlygy Merdan Öwezowiç Annadurdyýew Halkara pul gaznasynyň Türkmenistandan dolandyryjysy we Aziýanyň Ösüş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerine bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter