Çehiýada geçirilen halkara ýaryşynda türkmen küştçi zenany tiz oýnamak boýunça ýaryşda kümüş medala mynasyp boldy | TDH
Sport

Çehiýada geçirilen halkara ýaryşynda türkmen küştçi zenany tiz oýnamak boýunça ýaryşda kümüş medala mynasyp boldy

опубликованно 27.02.2017 // 796 - просмотров
 

Şu günler Çehiýanyň bu şäherinde on ýurduň türgenleriniň, şol sanda Türkmenistanyň toparynyň gatnaşmagynda halkara ýaryşyna badalga berildi. Şu gün “rapid” (çalt küşt oýnamak) görnüşinde zenanlar toparynda ildeşimiz FIDE-niň ussady Jemal Öwezdurdyýewa tapawutlandy. Ol kümüş medala mynasyp boldy.

Ýaryş şweýsar usuly boýunça ýedi tapgyrda geçirildi. J.Öwezdurdyýewa mümkin bolan ýedi utukdan alty utuk toplamagy başardy. Bu bolsa oňa hormat müberinde ikinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi. Zenanlar toparynda ýaryşa 48 küştçiniň gatnaşandygy bellärliklidir.

Türkmenistanyň ýygyndy topary nusgawy ýaryşlarda çykyş eder. Onda bir oýna bir ýarym sagat “arassa” wagt berilýär hem-de her göçülen göçümden soňra wagta 30 sekunt goşulýar. Halkara ýaryşy 4-nji marta çenli dowam eder.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter