Türkmenistanyň Prezidentine Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentinden | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň Prezidentine Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentinden

опубликованно 28.02.2017 // 862 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan etmäge hem-de ýurduňyzy ösdürmegiň bähbidine alyp barýan işiňizde üstünlikleri arzuw etmäge örän şatdyryn. Saýlawçylaryň Prezident saýlawlaryna giňden gatnaşmagy ösüşiň täze belentliklerine ýetmekde türkmen halkynyň isleg-arzuwlarynyň iň gowy subutnamasydyr.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine özara hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen has işjeň ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size jan saglyk we üstünlik, dostlukly ýurduňyza we halkyňyza parahatçylyk hem-de abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymyz ýollaýaryn.

Abdel Fattah Al-Sisi,
Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter