Türkmenistanyň Prezidentine Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministrinden | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň Prezidentine Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministrinden

опубликованно 28.02.2017 // 889 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Pakistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, şeýle hem öz adymdan Siziň Alyhezretiňize 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanmagyňyz mynasybetli mähirli gutlaglary beýan edýärin.

Size bildirilen ynam Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmek işinde türkmen halkynyň Siziň Alyhezretiňiziň öňdengörüjiligine ynamynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Türkmenistanyň Siziň baştutanlygyňyzda durmuşyň ähli ugurlarynda mundan beýläk-de üstünlikli ösjekdigine ynanýaryn.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we uly üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

Muhammad Nawaz Şarif,
Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter