Aşgabadyň Sergi merkezinde Eýran kompaniýalarynyň önümleri görkezildi | TDH
Jemgyýet

Aşgabadyň Sergi merkezinde Eýran kompaniýalarynyň önümleri görkezildi

опубликованно 28.02.2017 // 974 - просмотров
 

Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň XIII ýöriteleşdirilen sergisi işläp başlady. Sergide goňşy döwletiň dürli pudaklarynyň kärhanalarynda öndürilýän önümleriň giň görnüşleri görkezilýär.

Aşgabatda her ýyl geçirilýän sergi iki ýurduň ykdysady özara gatnaşyklary ösdürmäge, dostlukly aragatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini görkezýär.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanan daşary syýasat ýörelgesini yzygiderli durmuşa geçirip, goňşy ýurtlar, şol sanda Eýran bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýär. Bu ýurt bilen dürli pudaklarda köpýyllyk özara gatnaşyklaryň üstünlikli tejribesine daýanýan netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly kuwwat bar. Munuň özi iki dostlukly ýurduň we halkyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen şertlenendir. Şol kuwwatyň köp bölegi, hususan-da, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk we üstaşyr mümkinçilikler Türkmenistanyň hem-de Eýranyň işewür toparlarynyň özara bähbitli gatnaşyklarynyň ösdürilmegini höweslendirmäge ýardam berýär.

Däp boýunça serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlagy okaldy. Milli Liderimiz Gutlagynda senagatyň dürli pudaklarynda Eýranyň gazananlaryny görkezýän bu serginiň, şeýle hem onuň çäklerinde geçiriljek işewürlik maslahatynyň ähmiýetini nygtady. Bularyň ählisi iki ýurduň örän uly ylmy we senagat kuwwatyny peýdalanmak arkaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň özara bähbitlerine şaýatlyk edýär.

Türkmenistan önümçilige iň täze tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy işläp taýýarlamalary giňden ornaşdyryp, halk hojalyk toplumyny döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge uly üns berýär. Bu bolsa daşary ýurtly hyzmatdaşlarda, şol sanda geljegi uly türkmen bazarynda mynasyp orny eýelemegi maksat edinýän eýranly işewürlerde hem örän uly gyzyklanma döredýär.

Häzirki ýöriteleşdirilen sergä Eýranyň ýeňil hem-de agyr senagat, nebitgaz we himiýa senagaty, energetika, gurluşyk, azyk önümlerini öndürmek bilen hem-de beýleki ugurlarda iş alyp barýan iri kompaniýalarynyň 40-a golaýy gatnaşýar.

Bölümçelerde Eýranda ak sementi esasy öndüriji bolan “Şarg Sement”, Ýakyn Gündogarda, Merkezi Aziýada we GDA ýurtlarynda gaz sazlaýjy, gaz paýlaýjy we gaz ölçeýji enjamlaryň köp görnüşlerini öndürýän “Gaz Suzan”, zawodlara tehniki taýdan hyzmat etmek, söwda we maliýeleşdirmek hem-de beýlekiler bilen meşgullanýan “Petro Trade Hormozan” ýaly kompaniýalaryň önümleriniň giň görnüşleri görkezilýär.

Sergä gatnaşýanlaryň hatarynda her ýyl arassalaýjy serişdeleriň 400 müňden gowragyny öndürýän “Paksan” kompaniýasy, bir ýylda jaýlaryň üçegini örtmäge hem-de diwar örtüklerine niýetlenen önümleriň 3 million inedördül metrden gowragyny öndürýän “Kabir Panel” kompaniýasy bar. “Niknam” kompaniýasynyň doňdurma taýýarlamak üçin niýetlenen täze enjamy Türkmenistanyň dürli pudaklarynyň we hususy düzümleriniň hünärmenleriniň hem-de sergä gelenleriň ünsüni çekdi.

Eýranyň däp bolan medeniýetine—halk senetçiligine, amaly-haşam sungatyna, şol sanda keramika, çeperçilik taýdan bezelen aýna önümlerine, aýnanyň ýüzüne ýazgy ýazylmagyna, agajy oýup ýüzüne ýazgy ýazmaga hem-de haşamlamaga bagyşlanan bölümçeler has-da özüne çekiji boldy.

Bu ýerde inçe we nepis işleriň önümleri—milli eýran usulynda täsin görnüşde we ýazgylar bilen bezelen ajaýyp küýzeler, gap-gaçlar, sowgatlyk önümler hem-de eýran halkynyň baý mirasy we özboluşly döredijilik däpleri barada gürrüň berýän beýleki gymmatlyklary görkezildi.

1-nji martda serginiň çäklerinde ikitaraplaýyn işewürler maslahaty geçiriler. Onuň gün tertibine hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleriniň, şol sanda ýakyn geljek-de ileri tutulýan bilelikdäki taslamalaryň giň toplumy girizildi.

Aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary Söwda-senagat edarasyndaky köptaraplaýyn sergi bilen 2-nji marta çenli tanşyp bilerler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter