Türkmenistanyň Baştutany sebit üpjünçilik ulgamyny ösdürmäge Owganystanyň gatnaşmagynyň möhümdigi barada aýtdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Baştutany sebit üpjünçilik ulgamyny ösdürmäge Owganystanyň gatnaşmagynyň möhümdigi barada aýtdy

опубликованно 01.03.2017 // 951 - просмотров
 

Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitinde eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän sebitleýin ähzmiýektli giň möçberli taslamalar barada aýdyp, YHG-nyň çäklerinde energetika we ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi beýleki düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagyna oňyn täsirini ýetiräýr. Hususan-da, gurluşygy alnyp barylýan turba geçirijileriniň ýanynda täze elektrik ulgamyny we beýleki aragatnaşyk desgalaryny gurmak mümkinçiligi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Pakistanyň gatnaşmagynda elektroenergetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky üçtaraplaýyn resminama gol çekilendigini aýtdy. Oňa laýyklykda, Türkmenistandan Owganystana we Pakistana elektroenergiýasyny ugratmak üçin degişli düzümleriň döredilmegi göz öňünde tutuldy. Häzirki döwürde optiki-süýüm ulgamyny çekmek taslamasy boýunça üçtaraplaýyn görnüşde zerur işler alnyp barylýar.

2017-nji ýylyň 14-15-nji noýabrynda Aşgabatda Owganystan boýunça ýedinji Sebitara-ykdysady maslahaytnyň geçiriljekdigini belläp, döwlet Baştutangymyz bu ýorumyň dowamynda şunuň ýaly sebitleýin ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen jike-jik tanyşyljakdygyny aýtdy.

hormatly Prezidentimiz Owganystanda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ylylyaşygyň amala aşyrylmagynyň sebitiň ösüşiniň möhüm şertidigini belledi. Ähli syýasy-diplomatik tagallalar we başlangyçlar hut şu maksada ýetmäge gönükdirilendir, bu bolsa goňşy Owganystanda durnukly ýagdaýyň emele gelmegine, ýurtda durmuş-ykdysady düzümleriň dikeldilmegine ýardam berer diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda Owgansytana anyk ykdysady we ynsanperwer kömegini berýär. Munuň özi goňşy ýurduň çäginde lukmançylyk we bilim edaralarynyň gurluşygynda, arzan baha bilen elektroenergiýasynyň ugradylmagynda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde owgan talyplarynyň bilim almagynda, yzygiderli ynsanperwer ýükleriniň ugradylmagynda we beýleki çärelerinde öz beýanyny tapýar. Bu işleriň hemmesi Türkmenistanyň öz serişdeleriniň hasabyna malýieleşdirilýär.

Şeýle goldawlar mundan beýläk-de berler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Häzirki döwürde Owganystanyň içerki syýasy ýagdaýynda belli bir oňyn görkezijileriniň emele gelýändigini bellemeli. Munuň özi hemmetarpalaýyn goldawa mätäç ýagdaýdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Owganystanyň iri sebitara we halkara düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçi rilmegine gatnaşmagy bu ugurdaky netijeli gurallaryň biri bolup durýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz munuň Owganystan üçin oňyn geljegi, onuň sebitara we ählumumy meselelerde eýeleýän ornuny, owgan halkynyň rowaçlygynyň we abadançylygynyň kepilini ykrar edýändigini belledi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter