Paýtagtymyzda köpgatly awtoulag duralgalary gurulýar | TDH
Jemgyýet

Paýtagtymyzda köpgatly awtoulag duralgalary gurulýar

опубликованно 02.03.2017 // 796 - просмотров
 

Aşgabadyň gür ilatly ýerlerinde köpgatly döwrebap awtoulag duralgalaryny ulanmaga tabşyrmaga taýýarlyk görülýär. Her biri 400 ýa-da 240 awtomobile niýetlenilen duralgalarda alty müňe golaý ulag ýerleşip biler. Häzirki günde telekeçilik düzümleri olaryň altysynda işleri tamamladylar, ýene-de onusyny (3-si 400 orunlyk, we 7-si 240 orunlyk) gurluşyk firmalary şy aýyň dowamynda ulanmaga tabşyrarlar.

Ulag eýeleriniň oňaýlylygy üçin duralgalaryň hersinde liftleriň ikisi gurnaldy. Binalaryň hemmesiniň ulag goýulýan ýerleri habar beriji enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, olar bina girilýän ýerde ýerleşdirilen tablo arkaly haýsy gatda boş ýeriň bardygyny habar berýär. Duralga binalary ýangyna garşy duýduryş we köpçülige eşitdirilip ýetirilýän aragatnaşyk ulgamlaryna birikdirilendir. Bu binalaryň birnäçesiniň girelgesinde ulaglara awtomatik usulda ýol berýän töleg geçiriji enjam gurnalypdyr.

400 ulag goýup boljak binalaryň birinji gatynda 8 dükan açylar, ulaglaryň az sanlysy goýuljak duralgalarda bolsa awtoýuwalgalar gurnalar.

Ulag goýulýan köpgatly binalar depginli ösýän paýtagtymyzyň binagärlik keşbine sazlaşykly goşulyşyp, onuň özboluşly gözelligini hem-de aşgabatlylaryň ýaşamagy üçin oňaýlylygy artdyrýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter