Ýurdumyzda gowaça ekişi 25-nji martda, demirgazyk sebitde bolsa 29-njy martda başlanar | TDH
Ykdysadyýet

Ýurdumyzda gowaça ekişi 25-nji martda, demirgazyk sebitde bolsa 29-njy martda başlanar

опубликованно 03.03.2017 // 792 - просмотров
 

Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekişine 25-nji martda, Daşoguzda welaýatynda bolsa 29-njy martda guramaçylykly girişiler. Hormatly ýaşulular asylly däbe görä bu möhüm möwsüme başlap bererler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň şu gün bolan mejlisinde belleýşi ýaly, ýokary hilli ekiş bol hasyl almagy kepillendirýär, şoňa görä-de, ekişi öz wagtynda hem-de agrotehniki kadalary berjaý etmek arkaly geçirmek wajypdyr.

Sagdynlyk we bagtyýarlyk ýylynda edermen daýhanlaryň döwlet goldawyndan netijeli peýdalanyp, pagtanyň bol hasylyny ýetişdirjekdigine we täze zähmet ýeňşini gazanjakdyyna ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň pagtaçylaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine üstünlik arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter