2017-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýeti okgunly ösmegini dowam edýär | TDH
Ykdysadyýet

2017-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýeti okgunly ösmegini dowam edýär

опубликованно 03.03.2017 // 1925 - просмотров
 

2017-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýeti okgunly ösmegini dowam edýär. Ýylyň başyndan bäri geçen iki aýyň dowamynda jemi içerki önüm 6,2 göterim artdy. Oba hojalygynda ösüş depgini 7,8 göterim, söwdada 16,9 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 14,2 göterim, hyzmatlar ulgamynda 10,3 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Umumy bahasy ABŞ-nyň 48 milliard dollaryna deň bolan desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar, olaryň köpüsy durmuş maksatly desgalardyr. 17 milliard dollara golaý işleri ýurdumyzyň guluşyk-gurnama edaralary alyp barýarlar, munuň özi geçen ýyldakydan 20 göterim artykdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Iki aýyň jemleri boýunça bölek-söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17,1 göterime deň boldy.
Iri we orta kärhanalarda ortaça aýlyk zähmet haky 9,6 göterim ýokarlandy.
Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 2,8 milliard manada we çykdajy bölegi 2,7 milliard manada deň boldy.

Önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 3,9 milliard manada deň boldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter