Oba maksatnamasynyň çäklerinde durmuş maksatly desgalaryň 63-siniň gurluşygy dowam etdirilýär | TDH
Jemgyýet

Oba maksatnamasynyň çäklerinde durmuş maksatly desgalaryň 63-siniň gurluşygy dowam etdirilýär

опубликованно 03.03.2017 // 1084 - просмотров
 

Türkmenistanda ýokary durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilen Oba milli maksatnamasy işjeň durmuşa geçirilýär.

Maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyz boýunça 512,4 kilometr inženerçilik, aragatnaşyk ulgamlarynyň, 27,1 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlandy hem-de 63 sany durmuş maksatly binanyň we desganyň, 28 sany suw we lagym arassalaýjy desganyň, 763,4 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle-de, inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Jemi 156,6 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirildi.

Şeýle hem sebitlerde senagaty ösdürmegiň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan işleriň barşy barada habar berildi. Häzirki wagtda binalaryň we desgalaryň 216-synyň gurluşygy tamamlandy hem-de 104-sinde gurluşyk işleri dowam etdirilýär.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter