Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan 38,9 göterim senagat önümi köp öndürildi | TDH
Ykdysadyýet

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan 38,9 göterim senagat önümi köp öndürildi

опубликованно 03.03.2017 // 977 - просмотров
 

Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan ykdysady özgertmeleriň çäklerinde hususy telekeçiligiň orny barha artýar. Muňa 2017-nji ýylyň ilkinji iki aýynyň jemlerih em şaýatlyk edýär.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça 80 million manada barabar senagat önümleri, 120 million manatlyk oba hojalyk we azyk önümleri öndürilip, olaryň möçberi degişlilikde 38,9 göterim we 38,1 göterim artdy.

Ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi 261,6 million manada deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2 göterim artdy. Söwda haryt dolanyşygy 1,8 milliard manatdan gowrak bolup, 5,6 göterim artdy. Hyzmat ulgamynda bolsa 158,6 million manatlyk işleri ýerine ýetirilip, 6,2 göterim ösüş gazanyldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter