Hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda baglaşylan geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 24,7 million dollaryndan gowrak boldy | TDH
Ykdysadyýet

Hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda baglaşylan geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 24,7 million dollaryndan gowrak boldy

опубликованно 04.03.2017 // 815 - просмотров
 

Şu hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 64-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, awtobenzini, nebit koksuny satyn aldylar.

Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan we Owganystandan gelen işewürler suwuklandyrylan gazy (“Türkmengaz” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna azyklyk bugdaý, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük, garaköli goýnunyň ýüňi ýerlenildi. Olary Russiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Şotlandiýadan, Owganystandan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million 765 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Niderlandlaryň we Pakistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 1 million 90 müň manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri jemi bahasy 3 million 567 müň manatdan gowrak polipropileni, “Türkmenaglomeradyň” kondisiýasyz polipropilenini, polimer külkesini (TNGIZT) satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter