Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikiçäk gepleşikleri geçirdiler | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikiçäk gepleşikleri geçirdiler

опубликованно 06.03.2017 // 1011 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Aşgabatda ikiçäk görnüşde gepleşikleri geçirdiler. Gepleşikler Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soň, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumynyň Ikiçäk gepleşikler zalynda geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu sapar esasyna dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek ýörelgeleri goýlan türkmen-özbek gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak we ösdürmek ugrunda möhüm ädimdir.

Özbek lideri Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylygy hem-de göwnaçyklyk bilen kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, yzygiderli özara hormat goýmak, netijelilik häsiýetine eýe bolan döwletara gepleşikleriniň ýokary derejesini nygtady. Özbegistanyň Baştutany häzirki duşuşygyň uly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Iki döwletiň Baştutanlary ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi, Türkmenistanyň we Özbegistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary hem-de geljekki meýiller babatda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň häzirki ýagdaýyna we geljegine degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew söwda-ykdysady ulgamda özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda pikirlerini aýdyp, netijeli ynsanperwer-medeni hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň wajypdygyny bellediler.

Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler “Soltan Sanjar” zalynda iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam eder.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter