“Oguzhan” köşkler toplumynda giňişleýin düzümde türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi | TDH
Syýasat habarlary

“Oguzhan” köşkler toplumynda giňişleýin düzümde türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi

опубликованно 06.03.2017 // 975 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ikiçäk gepleşikleri tamamlanandan soň, ýokary derejedäki gepleşikler giňişleýin düzümde – iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.

Türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň netijeliligi bähbitleriň umumylygy hem-de özara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga syýasy erk-islegiň bolmagy bilen şertlenendir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn nygtady.

Energetika hem-de ulag ulgamy hyzmatdaşlyk etmegiň strategiki ugurlarynyň hatarynda agzaldy. Bu babatda iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň üstünlikli mysaly eýýäm bar – 2009-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistandan Hytaýa çekilip ulanmaga berlen gaz geçirijisiniň bir bölegi Özbegistanyň çäklerinden geçýär.

Taraplar söwda-ykdysady aragatnaşyklary, işewür jemgyýetçiligiň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, özara haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artdyrylmagy ugrunda çykyş etdiler.

Gepleşiklerde ekologiýa babatda, ýagny suw hojalyk meselelerinde hem-de çölleşmäge garşy göreşmekde ikitaraplaýyn derejede we halkara görnüşinde özara hereketleriň işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berildi. Syýahatçylyk ulgamynda özara gatnaşyk etmegiň, ynsanperwer, ylmy we sport hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanlary möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça çemeleşmeleriň ýakynlygy ýa-da gabat gelýänligi hem Türkmenistany we Özbegistany tapawutlandyrýandygyny nygtadylar. Bu bolsa sebitde durnuklylygy we yzygiderli ösüşi üpjün etmek babatda tagallalary birleşdirmegiň möhüm ýagdaýy bolup durýar.

Gepleşikler tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumynyň “Seljuk han” zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy meýilleşdirilýär.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter