Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow KHBS-niň öňünde çykyş edip, türkmen-özbek gepleşikleriniň netijelerine umumy baha berdi | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow KHBS-niň öňünde çykyş edip, türkmen-özbek gepleşikleriniň netijelerine umumy baha berdi

опубликованно 06.03.2017 // 1090 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda geçen ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň netijeleri boýunça metbugatyň öňünde eden çykyşynda bu günki duşuşygyň ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklara kuwwatly ýokary hilli itergi bermäge, köpýyllyk, strategik geljek üçin gatnaşyklaryň täze döredijilik esaslarynyň düýbüni tutmaga gönükdirilendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bu Şawkat Miromonowiç Mirziýeýewiň özbek döwletiniň baştutany hökmünde Türkmenistana ilkinji resmi sapary boldy. Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy, özara gyzyklanma döredýän halkara meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alşyldy. Syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygymyzy kesgitleýän ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşygyň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge özara ymtylmalary we taýýarlygy hem-de munuň üçin taraplaryň ikisiniň hem anyk mümkinçilikleriniň bardygyny tassyklandygyna ynam bildirdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, gepleşikleriň barşynda parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak meselelerine möhüm orun berildi. Taraplar ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara guramalarynyň çäklerinde-de halkara terrorçylygyna, ekstremizme, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy hereket etmek ýaly wajyp meseleleri çözmek ugrunda özara gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrmak barada ylalaşdylar.

Gepleşiklerde Merkezi Aziýada parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek meselelerine aýratyn üns berildi. Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk häzir bu işleriň esasy ýagdaýy hökmünde aýdyň çykyş edýär. Bu babatda ýurtlarymyzyň eýeleýän orny üýtgewsizdir: biz Merkezi Aziýanyň parahat we durnukly ösüşini üpjün edip biljek mäkäm we netijeli gurallary döretmek ugrunda çykyş edýäris diýip, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Sebitleýin syýasatyň wajyp meseleleriniň çözülmegine çemeleşmeleriň gabat gelýändigini tassyklap, taraplar iri halkara guramalarynda, ilkinji nobatda,
Birleşen Milletler Guramasynda, birnäçe sebitleýin düzümlerde işjeň özara gatnaşyk etmegi dowam etmek barada ylalaşdylar diýip, Döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow owgan meseleleriniň çözülmegi babatda iki tarapyň çemeleşmeleriniň ýakyn gelýändigini, Owganystandaky ýagdaýlary diňe parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly, giň umumymilli gepleşikleri geçirmegiň esasynda düzgünleşdirmek mümkindigi barada bir pikirdedigini nygtady. Halkara jemgyýetçiliginiň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk döredijilik kuwwaty Owganystanda has işjeň we giňden peýdalanylmalylyr.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň we Özbegistanyň, şeýle hem Owganystanyň Hökümetine halkara goldawynyň berilmeginiň gowşamaýan depginde we işjeň bolmagy, Owganystanyň sebitleýin we halkara ykdysady işlerine, hususan-da, energetika we ulag ulgamy ýaly durmuşyň möhüm ulgamlaryndaky işlere netijeli ýakynlaşmagyna ýardam bermek ugrunda çykyş edýändigine ünsi çekdi. Häzirki wagtda ynsanperwer tarapdan, ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň dürli ugurlary üçin ýokary hünärli milli işgärleri taýýarlamakda kömek bermek owgan halkyny goldamagyň möhüm ýagdaýy bolup çykyş edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerinden başga-da, ýurtlar ählumumy gün tertibiniň durnukly ösüş hem-de onuň düzüm bölekleri bolan energetika howpsuzlygy, halkara ulag-üstaşyr gatnawlaryny ösdürmek, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurlar boýunça tagallalaryny birleşdirmegini dowam eder.

Durnukly energetika babatda gürrüň Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitdäki iri möçberli energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagy barada barýar. Şol taslamalaryň hataryna, ilkinji nobatda, Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisiniň taslamasy degişlidir diýip, türkmen Lideri belledi hem-de Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça Merkezi Aziýadan Günorta Aziýa elektroenergiýany ibermek boýunça taslamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyrys diýip nygtady.

Ulag ulgamynda Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirmegi üpjün edip biljek kuwwatly hem-de häzirki zaman düzümini döretmek maksady bilen, hyzmatdaşlyk edilmegi dowam etdiriler diýip, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de Türkmenistanyň Özbegistan-Türkmenistan-Hazar deňzi-Günorta Kawkaz ugry boýunça Gruziýanyň, Türkiýäniň, Rumyniýanyň we beýleki döwletleriň Gara deňiz portlaryna çykalgany üpjün edip biljek geçelgäni döretmek babatda bilelikde işlemäge taýýardygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şeýle hem Türkmenistanyň we Özbegistanyň gatnaşmagyndaky 2011-nji ýylda Aşgabatda gol çekilen Merkezi Aziýadan Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlaryna halkara ulag we üstaşyr geçelgäni döretmek hakynda bäştaraplaýyn Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça içgin özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Döwlet Baştutanymyz gepleşikleriň barşy barada gürrüň berip, ekologiýa meselelerine, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň işiniň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berdi. Türkmenistan Gazna başlyklyk ediji ýurduň borçlaryny kabul edip, degişli Konsepsiýany işläp taýýarlady. Şol Konsepsiýada agza döwletleriň bilelikde işlemeginiň ileri tutulýan ugurlarynyň meýilnamalary beýan edildi. Gaznanyň işine zerur bolan netijeliligi we anyklygy bermek maksady bilen, Özbegistan bilen ýygjam hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyp, iki döwletde bar bolan kuwwatly senagat, düzümleýin mümkinçiliklere laýyklykda bu ulgamda özara gatnaşyklary ösdürmegiň, täze, geljegi uly ugurlara çykmagyň zerurdygy barada bir pikire geldiler. Şu işlerde biz iki ýurduň işewür jemgyýetçilikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga uly orun berýäris diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz obasenagat ulgamyny iki ýurduň ençeme ýyllaryň dowamynda işjeň hyzmatdaşlyk edýän ugurlarynyň hatarynda agzap, oba hojalyk tehnikasynyň ulgamlaýyn esasda iberilýändigi üçin özbek tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Soňky ýyllarda Özbegistanda ýerleşen kärhanalar tarapyndan çykarylýan awtomobilleriň söwdasy netijeli barýar, himiýa senagatynyň önümleri boýunça işlemekde oňyn tejribe bar. . Şonuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny uly derejede ösdürmek üçin kuwwatly mümkinçiliklerimiz bar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti duşuşygyň barşynda ynsanperwer ulgamynda, hususan-da, medeniýet ugry boýunça hyzmatdaşlygy dowam etmek, raýatlaryň giňden gatnaşyk etmekleri üçin şertleri döretmek barada ylalaşyklaryň gazanylandygyny belledi.

Iki ýurduň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary birdir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de şunuň ýaly berk esasda halklaryň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, şunuň ýaly özara hereket etmegiň görnüşleri köpdürli bolup biler. Bular Medeniýet günleri, Kino günleri, döredijilik we ylmy intelligensiýanyň forumlary, sergiler, maslahatlardyr. Olaryň esasy maksady ata-babalarymyzyň taryhy, ruhy we medeni mirasyny gorap saklamakdan we köpeltmekden ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan üçin Özbegistanyň möhüm hyzmatdaşdygyny aýratyn nygtady. Bu ýurt bilen
gatnaşyklar strategik geljek nazara alnyp ýola goýulýar. Türkmenistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tapawutly aýratynlyklarynyň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, açyklyk we ynanyşmak, iki doganlyk halkyň we döwletiň arasyndaky dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň wajypdygyna özara düşünişilmegi bolup durýandygyny atlandyrdy. Türkmenistan hem-de Özbegistan öz gatnaşyklarynda halklarymyzda ýola goýlan dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak däpleriniň baý taryhy tejribesine bolşy ýaly, häzirki günüň anyk ýagdaýlaryna, hyzmatdaşlyk etmegiň bar bolan uly kuwwatyna akyl ýetirilmegine daýanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky köptaraply ýygjam hyzmatdaşlygyň ýurtlaryň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigine, sebitleýin we halkara ýagdaýlarynyň tutuş barşyna möhüm oňyn täsir edýändigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti geçirilen oňyn we netijeli gepleşikler üçin Özbegistanyň Prezidentine we onuň wekiliýetiniň agzalaryna minnetdarlyk bildirip, gepleşikleriň netijelerinden örän kanagatlanýandygyny beýan edip, pursatdan peýdalanyp, Özbegistanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny aýtdy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter