Türkmenistanyň Döwlet haryt-çigmal biržasy şu hepdede ABŞ-niň 40,2 million dollaryna barabar nebit we dokma önümlerini ýerledi | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çigmal biržasy şu hepdede ABŞ-niň 40,2 million dollaryna barabar nebit we dokma önümlerini ýerledi

опубликованно 11.03.2017 // 1145 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Owganystandan, Täjigistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny, uçar hem yşyklandyryş kerosinini, awtoulag we dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Daşary ýurt walýutasyna dürli görnüşli tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, aşgarlanmadyk mata, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 40 million 257 müň dollaryndan gowrak boldy.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler jemi bahasy 1 million 386 müň manatlykdan gowrak azykylyk bugdaýy satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter