Dynç gününiň geçirilmegi bilen baglylykda 2017-nji ýylyň 20-nji marty iş güni däl diýlip hasap ediler | TDH
Jemgyýet

Dynç gününiň geçirilmegi bilen baglylykda 2017-nji ýylyň 20-nji marty iş güni däl diýlip hasap ediler

опубликованно 17.03.2017 // 1016 - просмотров
 

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti “Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda” Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, 2017-nji ýylyň 19-njy martyndaky dynç güni 20-nji marta - duşenbe gününe geçirilýär.

Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Şeýlelikde, şu ýyl Nowruz baýramy üç gün – 20-22-nji mart aralygynda belleniler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter