Şeýle hem okaň
21.03.2017 | Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlaglar gelip gowuşýar
20.03.2017 | Türkmenistanyň Prezidentine Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýerinden
20.03.2017 | Türkmenistanyň Prezidentine Laos Halk-Demokratik Respublikasynyň Prezidentinden
20.03.2017 | Türkmenistanyň Prezidentine Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentinden
20.03.2017 | Türkmenistanyň Prezidentine Täjigistan Respublikasynyň Prezidentinden
20.03.2017 | Türkmenistanyň Prezidentine Özbegistan Respublikasynyň Prezidentinden
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Size hem-de doganlyk türkmen halkyna Nowruz bahar baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň oňat arzuwlarymy ibermek mende uly kanagatlanma döredýär.
Gadymy hem-de baky juwan Nowruz tebigatyň galkynmagyny we täzelenişi alamatlandyrýar, döwletlerimiziň we halklarymyzyň ýakyndygyny we taryhynyň umumydygyny ýüze çykaryp, olaryň arasyndaky dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň has-da berkemegine ýardam berýär.
Baharyň ilkinji günlerinde Siziň bilen Türkmenistanda bolan duşuşyklarymyzy we gepleşiklerimizi aýratyn mähir bilen ýatlaýaryn. Şol gepleşikler özbek-türkmen gatnaşyklarynyň meseleleriniň giň toplumy boýunça diňe bir özara pikir alyşmaga mümkinçilik bermän, eýsem-de, iki duldegşir we doganlyk ýurtlaryň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň nusgasyny bütin dünýä jemgyýetçiligine nobatdaky gezek görkezdi.
Bilelikdäki tagallalarymyz arkaly, tutuş sebitiň parahatçylygynyň, durnuklylygynyň hem-de rowaçlylygynyň, döwletlerimiziň halklarynyň bähbitlerine köptaraply we uzakmöhletli özbek-türkmen hyzmatdaşlygynyň has-da ösdürilmegini we çuňlaşdyrylmagyny üpjün etjekdigimize çuňňur ynanýaryn.
Şu nurana baýramçylyk günlerinde Size, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Siziň mähribanlaryňyza we ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de jogapkärli döwlet işleriňizde täze üstünlikler, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.
Çuňňur hormatlamak bilen,
Şawkat Mirziýoýew,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti
Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün