Türkmenistanyň Prezidentine Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentinden | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň Prezidentine Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentinden

опубликованно 20.03.2017 // 1058 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Öz adymdan we Azerbaýjanyň halkynyň adyndan Sizi hem-de Türkmenistanyň ähli halkyny beýik ahlak gymmatlyklarymyzyň ajaýyp nyşany bolan Nowruz baýramy mynasybetli gutlaýaryn.

Tebigatyň oýanmagynyň hem-de janlanmagynyň buşlukçysy bolup gelýän bu bahar baýramy ýürekdeşligi, dostlugy, adamlaryň arasyndaky raýdaşlygy berkidýär, olarda iň asylly häsiýetleri döredýär.

Nowruzyň gadymy däplerini häzire çenli saklap gelýän halklarymyzyň erk-islegine görä, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bilelikdäki tagallalarymyzy mundan beýläk-de yzygiderli dowam etjekdigimize ynanýaryn.

Bu ajaýyp baýramçylykda Size özümiň berk jan saglyk we bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk baradaky iň oňat arzuwlarymy iberýärin.

Hormatlamak bilen,

Ilham Aliýew,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter