29-31-nji martda Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary bolar | TDH
Syýasat habarlary

29-31-nji martda Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary bolar

опубликованно 24.03.2017 // 941 - просмотров
 

29-31-nji martda Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary meýilleşdirildi.

Ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde işjeň ösdürilýän türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi. Yzygiderli amala aşyrylýan özara saparlar hem-de ýokary derejedäki duşuşyklar şol gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýär.

Şunda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly kuwwat bar. Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak resmi sapary däp bolan köpugurly hyzmatdaşlyga täze itergi berer.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter