7-nji aprelde Awazada «Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy»atly halkara sport kongresi geçirler | TDH
Sport

7-nji aprelde Awazada «Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy»atly halkara sport kongresi geçirler

опубликованно 24.03.2017 // 923 - просмотров
 

7-nji aprelde Awazada «Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy»atly halkara sport kongresi geçirler.

Garaşylyşy ýaly, oňa Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň, Halkara sport federasiýalarynyň, iri halkara guramalaryň, dürli ýurtlaryň Milli Olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşar. Şunuň bilen birlikde, daşary ýurtly myhmanlarymyz üçin Aziada – 2017, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigi bilen tanyşdyryş çärelerini guramak göz öňünde tutulýar.

Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeler sportuny ösdürmek, bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bitarap Türkmenistan abraýly halkara düzümleri, şol sanda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen netijeli gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge çalyşýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter