2017-nji ýylda Türkmenistanda 81 müň tonnadan gowrak şaly öndürmek maksat edinilýär | TDH
Ykdysadyýet

2017-nji ýylda Türkmenistanda 81 müň tonnadan gowrak şaly öndürmek maksat edinilýär

опубликованно 24.03.2017 // 905 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanda 2017-nji ýylda şaly öndürmek hakyndaky» karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu ýyl Daşoguz we Lebap welaýatlarynda jemi 18 müň 300 gektar meýdanda şaly ekip, 81 müň 600 tonna şaly hasylyny öndürmek meýilleşdirilýär.

Oba we suw hojalyk ministrligine, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň hem-de Lebap welaýatynyň Birata, Galkynyş, Garaşsyzlyk, Serdarabat, Farap, Sakar, Saýat, Garabekewül, Hojambaz, Halaç, Atamyrat, Köýtendag, Beýik Türkmenbaşy adyndaky etraplarynyň we Seýdi şäheriniň daýhan birleşiklerinde önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak bilen, şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter