V Aziýa oýunlarynyň senasynyň iň gowy görnüşini seçip almak boýunça bäsleşik yglan ediler | TDH
Sport

V Aziýa oýunlarynyň senasynyň iň gowy görnüşini seçip almak boýunça bäsleşik yglan ediler

опубликованно 24.03.2017 // 928 - просмотров
 

Şu gün geçirlen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz V Aziýa oýunlarynyň senasyny taýýarlamak boýunça döredijilik işgärleriniň arasynda degişli bäsleşigi yglan etmek barada tabşyryklary berdi hem-de aprel aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek köpçülikleýin medeni çärelerde Aziadanyň senasynyň görnüşleriniň ýerine ýetirilip başlanmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Şol ýerde «Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy» atly halkara sport kongresiniň geçirilmegi hem-de köpugurly sport toplumyny açmak maksat edinilýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter