Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek dowam edýär | TDH
Jemgyýet

Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek dowam edýär

опубликованно 14.07.2015 // 3536 - просмотров
 

Ozal habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň 9-njy iýulda bolan giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekip, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklady. Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okuwa kabul etmegi 2015-nji ýylyň 11-nji iýuly-26-njy awgusty aralagynyda guramak hem-de okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek tabşyryldy.

Resminama laýyklykda, geçen şenbe güni, 11-nji iýulda Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine girmek isleýän ýaşlardan resminamalar kabul edilip başlandy. Şu ýyl ýigitleriň we gyzlaryň 15 müňden gowragy bu okuw mekdepleriniň birinji ýyl talyplary bolar. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, talyp orunlarynyň sany 896 adama artdyryldy. Bu orunlar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde täze hünärleriň sekizisiniň açylmagy, täze orta hünär okuw mekdepleriniň ikisiniň döredilmeginiň hasabyna emele geldi.

Okuw mekdepleriniň sanynyň hem-de hünär taýýarlygynyň ugurlarynyň yzygiderli artdyrylmagy ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň kuwwatynyň ýylsaýyn artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi, ilkinji nobatda, ýokary hünärli ýaş milli işgärleriň has köp taýýarlanylmagyny talap edýär. Şeýlelikde, ýaşlaryň şu ýylky okuwa kabul edişligi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde türkmen döwletiniň nobatdaky netijeli ädimi bolar. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we eksport önümleriniň möçberlerini artdyrmak, Türkmenistany ösen senagat döwletine öwürmäge gönükdirilen elektron senagatyny döretmek boýunça täze döwlet maksatnamalaryna badalga berildi.

Şu babatda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň senagatynda innowasion esasda elektron pudagy döretmek we ösdürmek, bäsdeşlige ukyply, ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, serişde we energiýa tygşytlaýan, ekologiýa taýdan arassa elektron we elektrotehniki senagaty döretmek hem-de içerki hem daşarky bazarlara gönükdirilen elektron we elektrotehniki harytlary öndürmek, ykdysadyýetiň gaýtadan işleýän hem-de bazar üçin ahyrky önümleri öndürýän önümçilik pudaklaryny hem-de üpjünçilik ulgamlaryny döretmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Karara gol çekip, Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklandygyny bellemelidiris. Şu resminama bilen bu maksatnamany amala aşyrmagyň 2016-2020-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy.

Mejlisde milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, esasy maksadymyz ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmek bolup durýar. Döwletimiz tarapyndan bu örän möhüm ugurda – senagat pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilýän uly möçberdäki maýa goýumlary Garaşsyz Watanymyzyň bagtyýar geljegi üçin goýlan maýa goýumlarydyr.

Täze okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde açylmagy meýilleşdirilýän täze hünärleriň atlary hem Türkmenistanyň ykdysady ösüş babatda döwrebap nusgany seçip alandygyny görkezýär. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Ykdysady kibernetika” hünäri, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk intsitutynda “Gämi gurluşygy we umman tehnikasy” hem-de “Radioelektron ulgamlary we toplumlary” hünärleri, Türkmenistanyň döwlet energetika institutynda “Elektrik we ýylylyk öndürmegiň tehnologiýasy” hünäri, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Aýnanyň we sitallaryň himiki tehnologiýasy” hünäri, Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Gazylyp alynýan peýdaly magdan känlerini özleşdirmek” hünäri peýda bolar.

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby lukmançylyk fakultetinde “Arassaçylyk we keselleriň ýaramagyna garşy göreşmek işi “hünäri”, Türkmen milli konserwatoriýasynda “Opera sungaty” hünäri açylar.

Umuman, şu ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine 7 müň 128 adamy kabul etmek meýilleşdirilýär, ol geçen ýyldakydan 267 adam köpdür.

Ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmegiň beýleki bir möhüm ugry orta hünär bilimi bilen baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň we Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň garamagynda orta hünär okuw mekdeplerini döretmek baradaky çözgüdi kabul etdi. Bu okuw mekdepleri täze okuw ýylyndan işläp başlar. Politehniki orta hünär okuw mekdebine 6 hünär boýunça 150 alam, Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebine 3 hünär boýunça 45 adam kabul etmek göz öňünde tutulýar.

Şeýlelikde, şu ýyl ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdeplerine 8 müň 342 adam kabul etmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa geçen ýyldakydan 629 adam köpdür. Mundan başga-da, okuwçylaryň 30 müňüsi başlangyç hünär okuw mekdepleriniň 77-sinde bilim alar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklap, bu topary okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmäge hem-de onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramaga borçly etdi.

Daşary ýurtlaryň esasy hünär okuw mekdepleriniň binýadynda ýokary hünärli türkmen hünärmenlerini taýýarlamagyň tejribesi hem bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanylýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Şu ýyl ýurdumyzyň ýokary we orta hünär mekdepleri bilen birlikde, 14-nji iýuldan türkmen ýaşlaryny Belarus Respublikasynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmek işi hem başlandy. Gürrüň Lebap welaýatyndaky Garlyk dag-magdan toplumy we Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde gurulýan “Garabogazkarbamid” zawody, şeýle hem birnäçe pudaklaýyn kärhanalar üçin ýokary hünärli türkmen hünärmenlerini taýýarlamak barada barýar.

Belarus döwlet tehnologiki hem-de Belarus milli tehniki uniwersitetleriniň ýaşlarymyza hödürleýän hünärleriniň arasynda organiki däl maddalaryň, serişdeleriň we enjamlaryň tehnologiýasy, himiýa önümçiliginiň we gurluşyk serişdeleri kärhanalarynyň maşynlary we apparatlary, gazylyp alynýan peýdaly magdan känini işläp taýýarlamak (ýerasty), dag maşynlary we enjamlary, önümçiligi we tehnologik prosesleri awtomatlaşdyrmak, elektroenergetiki ulgamlar we torlar, metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak hünärleri bar.

Resminamalar Türkmenabat şäherindäki S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda kabul edilýär, şol ýerde Lebap we Mary welaýatlarynda ýaşaýan ýaşlar üçin giriş synaglary geçiriler.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebinde Belarus Respublikasynyň Soligorsk döwlet dag-himiýa orta hünär okuw mekdebine girmäge isleg bildirýän türkmen ýaşlaryndan resminamalar kabul edilýär hem-de şu ýerde giriş synaglary geçiriler. Bu orta hünär okuw mekdebiniň berýän hünärleriniň arasynda gazylyp alynýan peýdaly magdan känini işläp taýýarlamak (ýerasty), dag maşynlary we enjamlary, gazylyp alynýan peýdaly magdanlary baýlaşdyrmak we gaýtadan işlemek hünärleri bar.

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän ulaglar fakultetiniň suw ulagy bölüminde Balkan, Mary we Lebap welaýatlarynda ýaşaýan ýaşlardan Kazanyň milli barlag tehnologiýa uniwersitetine iki hünär – organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy, himiýa önümçiliginiň maşynlary we apparatlary hünärleri boýunça resminamalar kabul edilýär.

Şu çäreleriň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine türkmen ýaşlaryny seçip almak işi amala aşyryldy. Şol ýokary okuw mekdepleri hünärleriň ýigrimä golaýyny – senagat we raýat gurluşygy, binagärlik, saglygy bejeriş işi, sport lukmançylygy, gimnastika, logistika, ykdysadyýet, hereketi dolandyşyr ulgamy we nawigasiýa, ýol hojalygy we demir ýol ulagy gurluşygy, halkara suw hukugy, gallany saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy, galla, konditer, unaş önümlerini we azyk goşundylaryny öndürmegiň tehnologiýasy we beýleki hünärleri hödürleýär.

Mahlasy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň we beýik geljeginiň bähbidine Türkmenistanda ýokary bilimli, giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek, ýaşlary sazlaşykly terbiýelemek, milletiň intellektual kuwwaty bolan ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak barada yzygiderli alada edilýär.

Ýokary okuw mekdeplerine, şeýle hem mugallymçylyk, lukmançylyk, medeniýet we maliýe-ykdysady ugurlar boýunça orta hünär okuw mekdeplerine resminamalar Aşgabat şäherinde hem-de welaýat merkezlerinde 27-nji iýula çenli kabul ediler, giriş synaglary 30-njy iýuldan 22-nji awgusta çenli geçiriler. Hojalyk hasaplaşygyndaky orta hünär okuw mekdeplerine resminamalar 19-njy awgusta çenli kabul ediler, giriş synaglary bolsa 21-nji awgustdan 26-njy awgusta çenli geçiriler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter