Moskwada geçirilen sambo boýunça dünýäniň kubogy ugrundaky ýaryşlarda türmen türgenleri ýedi medala eýe boldular | TDH
Sport

Moskwada geçirilen sambo boýunça dünýäniň kubogy ugrundaky ýaryşlarda türmen türgenleri ýedi medala eýe boldular

опубликованно 25.03.2017 // 1027 - просмотров
 

Moskwada “A.Harlampiýewiň ýadygärligine” bagyşlanan sambo boýunça dünýäniň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda biziň ildeşlerimiz ýedi medala eýe boldular.

“Lužniki” olimpiýa toplumynda geçirilen ýaryşa ABŞ-dan, Ýaponiýadan, Fransiýadan, Belgiýadan, Bolgariýadan, Gresiýadan, Rumyniýadan, Çehiýadan – jemi 27 ýurtdan 300-e golaý türgen gatnaşdy. Olar sportuň bu görnüşiniň nusgawy we söweşjeň ugurlary boýunça bäsleşdiler.

Göreş görnüşi boýunça altyn medallaryň birine biziň toparymyzdan halkara derejeli sport ussady, Reo-de-Žaneýro şäherinde geçirilen Olimpiýada-2016-a gatnaşyjy Gülbadam Babamyradowa (52 kilograma çenli agram derejede) eýe boldy. Içeri işler ministrliginiň işgäri Çarymyrat Annagurbanow (100 kilograma çenli) söweşjeň sambo boýunça tapawutlanyp, altyn medala mynasyp boldy.

Ahmet Taňryberdiýew (57 kilograma çenli), Jawlanbek Madaminow (82 kilograma çenli) we Läle Nuryýewa (80 kmlograma çenli) kümüş medallara, Abdylla Babaýew (68 kilograma çenli) we Kerim Allanurow (58 kilograma çenli) bürünç medallara eýe boldular.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter