Türkmen futbolçylarynyň ýeňşi | TDH
Sport

Türkmen futbolçylarynyň ýeňşi

опубликованно 26.03.2017 // 828 - просмотров
 

Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndy topary Hytaýyň Taýpeý toparyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy. Bu bäsleşik 2019-njy ýylda Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň toparlaýyn tapgyrynyň üçünji aýlawynyň çäklerinde geçirildi.

Türkmen türgenleri “E” toparda çykyş edýärler. Onda Bahreýniň we Singapuryň futbolçy toparlary bar. Onda birinji we ikinji orna düşen toparlar ýaryşyň final bölümine çykýarlar. Türkmenistanlylar bu ugurdaky bäsleşigi ýeňiş bilen başladylar.

Bäsleşigiň 23-nji minudynda Y.Annamyradow dürs urgy bilen hasaby açdy. Şondan bir minut geçen soň R.Mingazow biziň toparymyzyň artykmaçlygyny ýokarlandyrdy. Oýnuň birinji ýarymynyň soňky sekuntlarynda garşydaş toparyň oýunçysy P.Çen bir pökgini geçirmegi başardy.

Oýnuň 83-nji minudynda P.Çen türkmen futbolçylarynyň hüjümi mahalynda pökgini yzyna gaýtarmakçy bolup, nädogry urgy bilen ony öz derwezesine gönükdirdi. Şeýlelikde, hasap 3:1 boldy. Türkmen futbolçylary üç utuk bilen öz toparlarynda öňde barýarlar we 13-nji iýunda Aşgabatda Bahreýniň futbolçylary bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýärler. Hytaýyň Taýpeý topary bilen jogap duşuşygyny türkmen paýtagtynda 14-nji noýabrda geçirmek meýilleşdirilýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter