Türkmen woleýbolçylary Aziýanyň merkezi sebitiniň çempionatynyň finalyna çykdylar | TDH
Sport

Türkmen woleýbolçylary Aziýanyň merkezi sebitiniň çempionatynyň finalyna çykdylar

опубликованно 27.03.2017 // 878 - просмотров
 

Maldiw adalarynda 22-nji martda woleýbol boýunça Aziýanyň merkezi sebitiniň üçünji çempionatynyň oýunlary başlandy. Biziň toparymyz ýaryşyň final bölegine çykdy. Indi ildeşlerimiz bu abraýly ýaryşyň altyn medaly ugrunda göreşerler.

Türkmen woleýbolçylary finala ýetmek ugrundaky duşuşyklarda Nepalyň ýygyndysyndan (3:0) we Maldiw adalarynyň ýygyndysyndan (3:0) ynamly üstün çykdylar, şeýle hem ýaryşyň öňdebaryjylarynyň biri bolan Gyrgyzystanyň toparyny (3:2) ýeňdiler.

Ýaryş 30-njy marta çenli dowam eder.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter