Gylyçlaşmak boýunça “Alatau gylyçlary” halkara ýaryşynda türkmenistanlylar üstünlikli çkyş edýärler | TDH
Sport

Gylyçlaşmak boýunça “Alatau gylyçlary” halkara ýaryşynda türkmenistanlylar üstünlikli çkyş edýärler

опубликованно 27.03.2017 // 931 - просмотров
 

Almaty şäherinde (Gazagystan) gylyçlaşmak boýunça “Alatau gylyçlary” atly halkara ýaryşyna badalga berildi. Ol ýerde ildeşlerimiz “Rapira” görnüşinde (ýeňil türgenleşik ýaragy) altyn we iki bürünç medal gazanmagy başardylar.

Birinji orna ýetginjekler toparynda garşydaşlarynyň hemmesinden üstün çykan Jumanazar Döwletnazarow mynasyp boldy. Bu ýaryşda Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we ýaryşyň eýeleri bolan Gazagystanyň ýygyndy toparlaryndan 30-dan gowrak türgen ildeşimiz bilen bäsleşdi.

J.Döwletnazarow ýene bir medaly, ýagny bürünç medaly toparlaýyn bäsleşikde Maksat Hallyýew we Danil Podorogin dagy bilen bilelikde çykyş edip eýeledi. Türkmenistanyň gyzlar ýygyndysy hem oňat netije gazandy. Aýlar Melikowa, Kameliýa Melaşenko we Waleriýa Satylowa dagy hem toparlaýyn bäsleşikde bürünç medaly eýelediler.

Biziň gylyşlaşmak boýunça türgenlerimiz sportuň bu olimpiýa görnüşiniň ýene iki ugry boýunça çykyş ederler. Ýaryş 31-nji marta çenli dowam eder.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter