Paýtagtymyzyň N.Andalyp şaýolunda döredijilik we şygryýet ýadygärlik –bezeg heýkeltaraşlyk toplumlary bina edildi | TDH
Aşgabat-2017

Paýtagtymyzyň N.Andalyp şaýolunda döredijilik we şygryýet ýadygärlik –bezeg heýkeltaraşlyk toplumlary bina edildi

опубликованно 29.03.2017 // 871 - просмотров
 

Paýtagtymyzda Andalyp şaýolunyň çatrygyndaky köp zolakly halkalaýyn ýollaryň merkezinde gurlan “Döredijilik” we “Şahyr” atly özboluşly heýkeltaraşlyk desgalarynyň açylyş dabarasy boldy. Beýikligi 20 metre barabar bolan “Döredijilik” bezeg-heýkel desgasy ot alawyny alamatlandyrýan hem-de 30 metr diametri bolan sütünlerde ýerleşdirilen gadymy golýazmalaryň şekili görnüşinde metal gurnamadan ybaratdyr.

Beýleki “Şahyr” atly beýikligi 18 metre barabar bolan heýkel gülüň şekilinde bolup, onuň gunçasynyň içinde şahyrana ylham joşgunynyň we zehininiň özboluşly alamaty bolan ägirt uly ak reňkli döwet galamy syýadana batyrylyp dur. Heýkelleriň çeperçilik taýdan mazmunynda döredijilik gözbaşlarynyň umumylygy hem-de türkmen halkynyň milli ruhy medeni ýörelgelerine meýiller görünýär, paýtagtymyzyň şaýollarynyň adyny göterýän türkmen şygryýet sungatynyň we sazynyň ägirtleriniň ölmezýitmez mirasyna hormat we sarpa beýan edilýär.

Açylyş dabarasyna gatnaşanlaryň belleýişleri ýaly, türkmenistanlylaryň hemmesi ýurdumyzyň baş şäheriniň gaýtalanmajak keşbini döredýän döwrebap awtoulag ýollary we giň şaýollary, gök parça bolup oturan seýilgäh zolaklary, suw çüwdürim toplumlary we heýkelleri bolan ak mermerli paýtagtymyza tüýs ýürekden guwanýarlar. Mundan ozalky açylan şeýle binagärlik – çeperçilik desgalary ýaly täze heýkeller hem Aşgabadyň dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hökmünde abraýyny artdyrar.

Şahyrana çykyşlar, folklor we aýdym-tans toparlarynyň çykyşlary ýygnananlaryň baýramçylyk ruhuny has hem ýokary göterdi.

Şu gün paýtagtymyzda 240 orna niýetlenen köp derejeli awtoduralga hem ulanmaga berildi. Ol “Nesip işi” hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan guruldy. Gün geldigiçe köpelýän hususy ýeňil awtoulaglary goýmak hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze desga Garaşsyzlyk we 10 ýyl Abadançylyk köçeleri boýunça ýaşaýyş jaý toplumynyň çäklerinde ýerleşdirilipdir.

Täze awtoduralga halkara ölçeglerine laýyk gelýär hem-de öz köpugurlylygy we enjamlaşdyrylyşy boýunça bu ulgamda dünýäniň ösen talaplaryna jogap berýär. Awtodurlagla adam gatnaşmazdan awtomatiki dolandyryş ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Onuň girelgeçsinde ýörite elektromagnit enjamy gurnalypdyr. Awtoulaglaryň bökdençsiz girip-çykmaklary üçin hatarlaryň arasynda giň geçelgeler bar. Binada birnäçe lift hereket edýär. Müşderilere amatly bolmagy üçin bu ýerde awtoýuwalga hem göz öňünde tutulypdyr. Awtoduralga ýanaşyk ýerler abadanlaşdyrylypdyr hem-de ol ýere agaç nahallary oturdylypdyr.

Ýol-ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, awtoulaglary goýmaga ýerleriň we ýapyk awtoduralgalaryň sanyny artdyrmak güýçli depginler bilen ösýän paýtagtymyz üçin örän derwaýys wezipe bolup durýar. Ýurdumyzda täze awtoulag serişdelerini edinýän raýatlarymyzyň sanynyň gün-günden artmagy bolsa öz gezeginde türkmenistanlylaryň hal- ýagdaýynyň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter