Türkmenistan- Hindistanyň “Business Сentral Asia” žurnalynyň sahypalarynda | TDH
Jemgyýet

Türkmenistan- Hindistanyň “Business Сentral Asia” žurnalynyň sahypalarynda

опубликованно 11.07.2015 // 992 - просмотров
 

Nýu-Deli şäherinde (Hindistan Respublikasy) çap edilýän hem-de Aziýa sebitiniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly, şeýle hem sebitiň çäklerinden alyslarda ýaýradylýan “Business Сentral Asia” halkara žurnaly öz iýun aýyndaky sanyny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň gazanan üstünliklerine bagyşlady.

Meşhur neşiriň nobatdaky sanynyň çapdan çykan wagtynyň türkmen-hindi gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm wakany alamatlandyran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen şu ýylyň 10-11-nji iýulynda Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Hindistan Ruespublikasynyň Premýer-ministr Narendra Modiniň duşuşygy bilen gabat gelendigi bellärliklidir.

Bu neşir diňe bir baý serişde we ykdysady kuwwatlyklara däl, eýsem, çuňňur öwrenilmegine mynasyp taryhy-medeni mirasa baý bolan Türkmenistana Hindistanyň we Halkara bileleşiginiň uly gyzyklanma bildirýändigini äşgär eden nobatdaky subutnama öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyzyň parahatçylyk, durnuklylyk, howpsuzlyk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýan daşary syýasat strategiýasynyň üstünliklere beslenýändigini bellemek bilen, žurnalyň redaktory Inderwir Singh şeýle gatnaşyklar bolmazdan durmuş, ykdysady we medeni ösüş hakynda gürrüň etmegiň mümkin däldigini aýdýar. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Prezidenti, häzirki zamanyň görnükli döwlet we jemgyýetçilik itşgärit, meşhur syýasatçy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda bellenilen doglan güni bilen tutuş türkmen halkyny gutlaýar.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň daşary syýasaty dünýä bileleşiginiň ählumumy ösüşiniň möhüm şerti hökmünde ähli ýurtlar tarapyndan ykrar edilip, onuň sebitleýin ähmiýetiniň bardygy bellenilýär. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz ulag-aragatnaşyk we energetika ulgamlarynda birnäçe iri möçberli taslamalary yzygiderli durmuşa geçirýär. Olaryň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy bar. Onuň durmuşa geçirilmegi diňe bir taslama gatnaşyjy ýurtlaryň däl, eýsem Merkezi we Günorta Aziýa döwletleriniň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer.

Dünýäde ygtybarly we örän jogapkärçilikli hyzmatdaş hasaplanýan Türkmenistan aýry-aýry ýurtlar bilen bolşy ýaly, abraýly halkara guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna işjeň gatnaşýar.

Žurnalyň bu sany “Türkmenistan-Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylyga, ösüşe we hyzmatdaşlyga özara ygrarlylyk” diýen makala bilen açylýar. Ol BMG-niň baş sekretary Pan Gi Munuň ýakynda Türkmenistana bolan saparynyň jemlerine bagyşlandy.

2015-nji ýylda BMG-niň 70 ýyllygy we türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygy bilen gabat gelmeginde özboluşly many bar. Milli Liderimiziň ýöreldýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynda Bitaraplyk derejesiniň ýörelgeleri esasy orun eýeleýär. Aşgabadyň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýerleşmegi, paýtagtymyzyň bu abraýly düzümiň ştab-kwartirasy üçin saýlanyp alynmagy biziň ýurdumyza bildirilýän halkara ynamynyň aýdyň subutnamasydyr.

Makalada bellenilişi ýaly, 13-nji iýunda Aşgabatda geçirilen netijeli gepleşikleriň jemleri boýunça dünýäniň iri guramasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüne BMG-niň ýurdumyzda işleýän edaralary üçin iş şertleriniň döredilmegi we ýardam edilmegi, şeýle hem Owganystanyň we Nepalyň halklaryna, bosgunlara we raýatlygy bolmadyk adamlara ynsanperwer kömeginiň berilmegi üçin aýratyn hoşallyk sözlerini beýan etdi.

“Business Сentral Asia” žurnalynyň materiallary oňyn hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup durýan Türkmenistanyň Bitaraplygyna we ýurdumyzyň tutuş adamzadyň parahatçylyga, durnuklylyga we ösüşe bolan umumy gyzyklanmalaryna berýän goşandyna bagşylanypdyr.

Döwlet syýasatynyň düýp binýady hökmünde Bitaraplygy saýlap alan Türkmenistanyň 20 ýyllyk taryhyndan görnüşi ýaly, biziň ýurdumyz sebitde we tutuş dünýäde ähli goşulyşmak ýagdaýlaryna işjeň gatnaşýar hem-de dünýäniň ähli ýurtlary bilen ähli peýdaly we sazlaşykly ösdürilýän halkara başlangyçlaryna ygtybarly hyzmatdaş bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä giňişliginde ýokary abraýa eýe bolmagyny üpjün etdi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalary we ähmiýetli düzümleýin taslamalary, halkara hyzmatdaşlygyna bolan açyklyk hem-de ýurdumyzda daşary ýurt işewürçiligi üçin oňyn şertleriň döredilmegi daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň geljegi uly, sazlaşykly ösýän türkmen bazarynda öz orunlaryny berkitmäge, bu ýerde durmuşa geçirilýän taslamalara işjeň gatnaşmaga bolan gyzyklanmalaryny şertlendirýär.

Senagat ulgamynda import harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmegini nazarlaýan ýurdumyz dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini işjeň öwrenýär we ony önümçilige ornaşdyrýar. Hut şu ugra hem žurnalyň aýratyn makalasy bagyşlanypdyr. Onda döwlet Baştutanymyzyň önümçiligiň we tehnologiýanyň derejesini ylmy önümçiligi, ýokary tehnologiýaly önümleri öndürmäk ýoly bilen ýokarlandyrmagy, şeýle hem ýokary hünärli işgärleriň çekilmegi bilen baglanyşykly başlangyçlary barada aýdylýar.

Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmäge ýardam bermek, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak we tütüş türkmen döwletiniň rowaçlygyny artdyrmak üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanda öndürilýän eksport harytlaryň möçberlerini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasy, şeýle hem Türkmenistanda import harytlaryň ornuny tutýan önümçilik boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, önümleri ýerlemegiň daşary ýurot tejribelerini we importuň ornuny tutýan syýasaty öwrenmek babatda dünýäniň we ýurdumyzyň ylmynyň gazananlarynyň öwrenilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Aşgabatda gurulýan we sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjigine bagyşlanan dürli öwüşginoi fotosuratlar 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň esasy bäsleşikleriniň geçjek künjekleri barada gürrüň berýär. Türkmenistan sebitiň sport ulgamynyň merkezine öwrülýär. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Aziada-2017-ni Aşgabatda geçirmek baradaky çözgüdi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Žurnalda ýurdumyzyň täze taryhynda möhüm wakany alamatlandyran ilkinji “TürkmenÄlem 52oE” milli emeli hemrasyna, Türkmenistanyň kosmos döwletleriniň hataryna goşulýandygyna bagyşlanan makala hem öz ornuny tapypdyr. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde üstünlikli amala aşyrylan bu iri milli taslamanyň taryhyna we geljegine bagyşlanan makala “Kosmos üstünligi” diýlip atlandyrylypdyr.

“Türkmen hemrasynyň äleme çykarylmagy diňe bir tehnologik üstünlik bolman, eýsem, ol ägirt uly syýasy we jemgyýetçilik ähmiýeti bolan wakadyr. Türkmenistanyň halky iň bir çylşyrymly wezipeleri üstünlikli çözmäge ukyply öňdengörüji milli Lideriniň ýolbaşçylygynda öz bitewiligini, ygzybirligini dünýä äşgr etdi” diýlip, makalada aýdylýar. Bu wakanyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilen ýylynda amala aşmagynda özboluşly many bar. Türkmenistan älem giňişligine arassa we belent pikirleri meýilleri bilen çykýar hem-de ýurdumyz adamzadyň bagtyýar geljeginiň bähbidine parahatçylyga, sazlaşykly ösüşe bolan meýillere ygrarly ýurtlara özüniň dostluk we hyzmatdaşlyk goluny uzadýar.

“Business Сentral Asia” žurnalynyň giň okyjylar köpçüligi üçin ahalteke bedewlerine bagyşlanan makalalaryň gyzykly boljakdygy gürrüňsizdir. Ýeri gelende aýtsak, žurnalyň başky sahypasynda ajaýyp ahalteke bedewiniň suraty ýerleşdirilipdir.

Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramçylygy hakynda gürrüň berýän suratlar žurnalyň goşmaça bezegine öwrülipdir. Olarda ady rowaýata öwrülen bedewleriň taryhy, dünýä atşynaslygyna oňyn täsirini ýetiren türkmen atşynaslarynyň ajaýyp däpleri, onuň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mynasyp dowam etdirilişi we ilkinji nobatda döwrebap düzüm bolan atşynaslygyň düýpli binýady hakynda gürrüň berilýär.

“Ahalteke bedewi türkmen halkynyň arzuwynyň amala aşmagydyr. Bu atlar zehinli we zähmetsöýer halkyň medeniýetiniň bölegidir. Onuň ösüşiň belentliklerine tarap bolan gadamynyň özboluşly nyşanydyr”şu jümleler şu ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirilen Halkara ahalteke assosiasiýasynyň mejlisine, “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly ylmy maslahatyna, şeýle hem ajaýyp bedewleriň ýöriteleşdirilen sergi-ýarmarkasyna gatnaşan daşary ýurtly myhmanlaryň makalalarynda getirilýär.

Baýramçylygyň ajaýyp pursatlaryny janlandyran wakalardan taýýarlanan fotoreportažlar we türkmen toýlarynyň bezegi bolan atçapyşyklarynyň, konkur boýunça ýaryşlaryň suratlaryny kanadaly hünärmen Kerri-Jo Stýuard taýýarlapdyr.

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary baýramçylyk dabaralaryna gatnaşan myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy. Olaryň Watanymyzda we daşary ýurtlarda görkezýän çykyşlary uly üstünliklere beslenýär. Ahalteke bedewleriniň ýyndamlygy, ýigitleriň çylşyrymly hereketleri bilen sazlaşyk milli baýramçylyklaryň ähli gözelligini, täsirliligini özünde jemleýär. Atly ýigitleriň özboluşly çykyşlary, ussatlyklary tomaşaçylarda ýakymly duýgulary oýarýar.

Gözelligi we ajaýyplygy babatda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerine bolan söýgülerini tutuş dünýäniň atşynaslary mälim edýärler. Olaryň “behişdi bedewlere” bolan gyzyklanmalary barha ýokarlanýar. Munuň özi milli Liderimiziň başlangyjy boýunça we ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň netijesidir. Milli Liderimiz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna ýolbaşçylyk etmek bilen, milli atçylyk däpleriniň täzeden dikeldilmegi, ýurdumyzda atçylyk sportunyň ösdürilmegi, ahalteke bedewleriniň tohumlyk häsiýetlerini saklamak we gowulandyrmak boýunça tohumçylyk-seçgi işleriniň geçirilmegi babatda giň möçberli çäreleri durmuşa geçirýär.

Gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan “behişdi bedewlere” bolan gyzyklanmalar Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlary bilen utgaşýar. Aýratyn-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylyň güýzünde neşir edilen we häzirki döwürde dünýäniň köp dillerine neşir edilen “Ahalteke bedewleri—biziň buýsanjymyz we şöhradymyz” atly kitaby dünýäniň okyjylar köpçüligi üçin uly gyzyklanma bildirilýän neşire öwrüldi.

Umuman, žurnalyň sahypalarynda ýerleşdirilen makalalar gadymy tohumdaky we dünýäniň saýlama bedewleriniň nesilbaşysy hökmünde ykrar edilen bedewleriň döreýiş taryhyna we ösüşine gysgaça syýahaty, ajaýyp we asylly, ýel bilen bäsleşýän bedewleriň häsiýetli aýratynlyklarynyň ýazgysyny özünde jemleýär.

Daşary ýurt okyjylaryna hödürlenen makalalaryň ýanyndaky köpsanly fotosuratlar we bezegli şekiller halkymyzyň häzirki durmuşa çuňňur aralaşmaga, onuň köpasyrlyk milli däpleriniň we halkymyzyň dessurlarynyň köpöwüşginli taraplaryna, sahawatly türkmen topragynyň gözelligine göz ýetirmägek ýardam berýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter