Aşgabat we Minsk iki paýtagtyň parahatçylyk döredijilik işlerinde özara daşary syýasy goldawlaryny tassyklaýar | TDH
Syýasat habarlary

Aşgabat we Minsk iki paýtagtyň parahatçylyk döredijilik işlerinde özara daşary syýasy goldawlaryny tassyklaýar

опубликованно 30.03.2017 // 1392 - просмотров
 

Aşgabatda, “Oguzhan” Köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda gepleşikler geçýär.

Ýokary derejedäki ikiçäk görnüşdäki duşuşykdan soň, gepleşikler giňişleýin düzümde – iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.

Türkmenistan Belarusy hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn görnüşinde, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde möhüm syýasy hyzmatdaşy hasaplaýar. Iki döwlet dünýäniň gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça doly özara düşünişýärler. Ýurtlaryň ikisi hem ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy saklamagyň we berkitmegiň, Birleşen Milletler Guramasynyň ornunyň pugtalandyrylmagynyň, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny berjaý etmegiň, dünýä işlerinde deňhukuklylygy, birek-birege hormat goýmagy we adalatlylygy bekarar etmegiň tarapdarlary bolup durýar.

Bu mesele häzir dünýäniň käbir sebitlerinde bolup geçýän belli wakalar bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýe boldy. Türkmenistanyň we
Belarus Respublikasynyň olara çemeleşmeleri halkara hukugynyň kadalaryna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň tertipnamasyna esaslanandyr. Biziň ýurtlarymyz ähli halkara we içerki dawalaryň diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözülmelidir diýen pikire uýýarlar. Taraplar parahatçylyk döredijilik işlerine hemmetaraplaýyn ýardam etmäge taýýardygyny tassykladylar.

Türkmenistan we Belarus Respublikasy abraýly halkara guramalaryň, ozaly bilen Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hyzmatdaşlygyň baý tejribesini topladylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter