Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-belarus ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlaryny belledi | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-belarus ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlaryny belledi

опубликованно 30.03.2017 // 962 - просмотров
 

Aşgabatda resmi wekiliýetleriň agzalarynyň gatnaşmagynda ýokary derejedäki türkmen-belarus gepleşikleriniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna we geljegine baha berdi.

Türkmenistana Belarus awtomobil we traktor tehnikalaryny getirmek hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin ugry bolup durýar. Diňe 2010-njy ýyldan 2016-njy ýyla çenli döwürde Türkmenistana bahasy ABŞ-nyň 400 million dollaryndan gowrak bolan Minskiniň awtomobil zawodynyň tehnikalarynyň bäş ýarym müňden gowragy getirildi. Takmynan, şonça möçberdäki tehnikalary we ätiýaçlyk şaýlaryny Türkmenistana Minskiniň traktor zawody hem iberýär.

Öz ygtybarlylygyny, netijeliligini görkezen belarus tehnikalaryna ýokary hilli we öz wagtynda hyzmat etmek maksady bilen, Aşgabatda köpugurly hyzmat ediş merkeziniň gurluşygy alnyp barylýar.

Öz nobatynda, Türkmenistan ozal hem Belarusa öz önümleriniň iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmaga, iberýän dokma we ýeňil senagatynyň önümleriniň möçberini artdyrmaga taýýardygyny ençeme gezek beýan edipdi.

Halkara ulag gatnawlary babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar. Ýurtlaryň ikisinde hem kuwwatly ulag-üstaşyr düzüm döredilýär. Gündogar we Merkezi Ýewropa, Baltika sebitine, Ýakyn Gündogaryň, Günorta Aziýanyň bazarlaryna çykmak bilen Demirgazyk-Günorta, Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň Ýewraziýa ulag-üstaşyr ugruna işjeň goşulmak üçin şol şertleri peýdalanmagyň zerurlygy ýüze çykýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ulag ulgamynyň has aýgytlaýjy ähmiýete eýe bolýan dünýäniň ykdysady meýillerine dogry düşünmegiň esasynda bilelikdäki strategik meýilleşdirmäniň ölçeglerini kesgitlemegiň, açylýan mümkinçilikleri seljermegiň möhümdigini aýtdy.

Türkmenistan energetika ulgamynda hem belarusly hyzmatdaşlar bilen bilelikde türkmen energiýa serişdelerini ibermegi ýola goýmak üçin özara gatnaşyklaryň dürli ugurlaryny we görnüşlerini işläp taýýarlamaga taýýardyr. Şunda iki ýurduň bähbitleri gabat gelýär, uzakmöhletleýin döwür üçin hyzmatdaşlygyň geljegi uludyr.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter