Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan Belarus Respublikasy bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan Belarus Respublikasy bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär

опубликованно 30.03.2017 // 912 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatdaky ýokary derejeli türkmen-belarus gepleşikleriniň netijeleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we geljegini kesgitledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gepleşikleriň netijelerini teswirläp, Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkony hem-de onuň wekiliýetiniň agzalarynyň ählisini ýene-de bir gezek Aşgabatda tüýs ýürekden mübärekledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, şu gün netijeli we baý mazmunly gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi, özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, mundan beýläk özara hereket etmeli anyk ugurlar kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň gatnaşyklaryna mahsus bolan özara ynanyşmak, açyklyk we düşünişmek ýagdaýynda geçen ara alyp maslahatlaşmalaryň netijeli häsiýetini belläp, Türkmenistanyň Belarus Respublikasy bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy. Biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy dostlugyň, özara düşünişmegiň we ýürekdeşligiň baý däpleri, esasy ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Biz bu gymmatlyklary aýawly saklamagy, ony häzirki günüň talaplaryna kybap gelýän täze mazmun bilen baýlaşdyrmagy maksat edinýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Belarus Respublikasy halkara giňişliginde biziň möhüm hem-de ygtybarly hyzmatdaşymyzdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Biz dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek işinde, dürli pudaklarda sebitara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin oňaýly şertleri döretmekde işjeň özara hereket edýäris. Iki ýurt hem öz syýasatyny hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň özbaşdaklygyna hormat goýmak hem-de içerki işlerine goşulyşmazlyk ýörelgelerinde guraýar.

Döwlet Baştutanymyz gepleşikleriň barşynda parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berlendigini aýdyp, Türkmenistanyň hem-de Belarusuň halkara we sebit syýasatynyň köp meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat ýa-da ýakyn gelýändigini görkezýändiklerini nygtady. Bu bolsa iki ýurduň dünýä derejesinde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlygynyň girewidir.

Şu gün taraplar döwletleriň BMG-niň tutýan ornuny pugtalandyrmaga ýardam etmäge, bu hem-de beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde ýygjam we netijeliligini subut eden özara gatnaşyklary dowam etmäge, dünýä jemgyýetçiliginiň hemme netijeli maksatlaryna we başlangyçlaryna goldaw bermäge ymtylýandygyny tassykladylar.
Şu günki duşuşygymyz söwda-ykdysady ulgamda depginli hyzmatdaşlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrdy. Söwdada, ýangyç-energetika toplumynda, gaýtadan işleýän we himiýa senagatynda, oba hojalygynda, maşyngurluşykda, dokma we ýeňil senagatda aragatnaşyklaryň ösdürilmegi we çuňlaşdyrylmagy bu babatda özara hereketlerimiziň geljegi has uly ugurlarydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Lebap welaýatynyň Garlyk şäherçesinde ýyllyk kuwwaty 1 million 400 müň tonna kaliý hloridini öndürmäge barabar bolan dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurulmagy türkmen-belarus ykdysady aragatnaşyklarynyň iň uly netijesidir we nyşanydyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Prezident Aleksandr Lukaşenkony hem-de onuň üsti bilen belarusly hyzmatdaşlarymyzyň ählisini bu ägirt uly taslamanyň üstünlikli tamamlanmagy bilen ýene-de bir gezek gutlady hem-de olaryň ählisini täze ägirt uly senagat kärhanasynyň açylyş dabarasyna çagyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda halkara ulag gatnawy ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge uly mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi. Iki ýurtda-da kuwwatly ulag-üstaşyr düzümler döredilýär. Şulary hem-de geografiki taýdan amatly ýerleşilmegini nazara alyp, biz özara mümkinçiliklerimizi ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygynyň Demirgazyk-Günorta, Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça Gündogar we Merkezi Ýewropa, Baltika sebitine, Ýakyn Gündogaryň, Günorta Aziýanyň giň bazarlaryna çykmak bilen, Ýewraziýa ulag-üstaşyr ugruna has işjeň goşulmagy üçin peýdalanmak barada ylalaşdyk diýip, milli Liderimiz belledi.

Türkmenistanyň we Belarusyň halklaryny dostlugyň, özara hormat goýmagyň hem-de sylag-sarpanyň öňden gelýän gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Şoňa görä-de, gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Biz halklarymyzyň ysnyşykly gatnaşmagyna, iki ýurduň baý medeni-taryhy mirasynyň öwrenilmegine ymtylmalary hemmetaraplaýyn goldarys, Türkmenistanyň hem-de Belarusuň medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilikli hyzmatdaşlyk etmegine şertleri dörederis diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şeýle hem bilim ulgamynda köpýyllyk oňat däplere eýe bolan hyzmatdaşlygyň görnüşlerini we ugurlaryny giňeltmek barada ylalaşyldy.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, saparyň netijeleri boýunça mundan beýläk hyzmatdaşlyk etmegiň birnäçe möhüm ugurlaryna degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi. Türkmenistan hem-de Belarus Respublikasy uzak möhletli geljek üçin ýygjam we köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklara ygrarlydygyny hem-de ymtylýandygyny ýene-de bir gezek görkezdiler. Bu bolsa ýurtlarymyzyň halklarynyň düýpli bähbitlerine, döwletara gatnaşyklarynyň häzirki zaman ösüşiniň ýagdaýlaryna laýyk gelýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow açyklyk hem-de özara düşünişmek ýagdaýynda geçen netijeli gepleşikler üçin Prezident Aleksandr Lukaşenko ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de Belarusuň halkyna parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter