Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko: biziň döwletlerimiz strategiki hyzmatdaşlardyr | TDH
Syýasat habarlary

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko: biziň döwletlerimiz strategiki hyzmatdaşlardyr

опубликованно 30.03.2017 // 1084 - просмотров
 

Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Aşgabatda geçirilen türkmen-belarus gepleşikleriň netijeleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş edip, Belarusda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşde gazanýan üstünliklerine ýokary baha berýändiklerini belledi. Ýurduň ýolbaşçylarynyň halkyň abadançylygyna gönükdirilen döredijlikli syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli ýöredýän ugry çuňňur hormat döredýär. Içerki we daşary meseleleri çözmäge çemeleşmeleriň meňzeşdigi Belarus bilen Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygyny kesgitledi diýip, Prezident Aleksandr Lukaşenko aýtdy.

Belarus Respublikasynyň Baştutany ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini beýan edip, döwletleriň ikisiniň hem ähli hyzmatdaşlar bilen özara hormat goýmaga hem-de deňhukukly gatnaşyklara çalyşýandyklaryny belledi. Türkmenistan we Belarus dostlar, doganlyk halklar ýaly hyzmatdaşlyk edýärler.

Biziň ýurtlarymyzyň arasynda netijeli hökümetara, parlamentara, pudagara hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, munuň özi gowy netije berýär diýip, belent mertebeli myhman sözüni dowam etdi. Şu gezekki sapar belarus tarapy üçin örän ähmiýetlidir. Ol Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyň açylmagy, Belarus Respublikasynyň lçihanasynyň täze binalar toplumynyň ulanylmaga berilmegi bilen alamatlandyrylandyr diýip, Belarus Lideri aýtdy. Munuň özi taraplaryň uzakmöhletli geljek üçin işlemäge meýillidiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Geçirilen gepleşikler biziň döwletlerimiziň strategiki hyzmatdaşlardygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Biz ýokary derejesi bilen tapawutlanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy üçin ähli tagallalary ederis. Munuň özi iki ýurduň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýär diýip, Prezident Aleksandr Lukaşenko aýtdy. Belarus Respublikasynyň Baştutany myhmansöýerlik üçin türkmen kärdeşine ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Minsk şäherinde duşuşyga uly kanagatlanma duýgusy bilen garaşjakdygyny nygtady.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter