Türkmen elektrik energiýasynyň öndürilişi 6 göterim ýokarlanyp, ekport edilişi 4 göterim artdy | TDH
Ykdysadyýet

Türkmen elektrik energiýasynyň öndürilişi 6 göterim ýokarlanyp, ekport edilişi 4 göterim artdy

опубликованно 05.04.2017 // 1501 - просмотров
 

Türkmenistan şu ýylyň birinji çärýeginde elektrik energiýasynyň eksport edilişini artdyrdy. Pudagyň görkezijileri şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň ýanwar-mart aýlaryndaky durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerine bagyşlanylan mejlisinde beýan edildi.

Elektrik energetika ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer D. Amangeldiýewiň habar berşi ýaly, hasabat döwründe 6 milliard 237 million 295 müň kilowat-sagat elektrik energiýasy öndürildi, bu 2016-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 106,2 göterime deňdir.

Şonuň 972 million 143 müň kilowat-sagat möçberi eksporta iberildi. Bu görkeziji boýunça ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 104,1 göterime deň boldy.

Türkmenistan elektrik energiýany Owganystana, Eýrana we Türkiýä iberýär.Gazanylan ylalaşyklaryň esasynda 2017-nji ýylda Türkmenistan Owganystana elektrik energiýanyň iberilişini 100 megawatdan 150 megawata çenli, 2018-nji ýylda bolsa 300 megawata çenli artdyrar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter