Türkmenistanyň nebitgaz toplumy we oba hojalygy boýunça täze wise-premýerler bellenildi | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň nebitgaz toplumy we oba hojalygy boýunça täze wise-premýerler bellenildi

опубликованно 05.04.2017 // 1112 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýagşygeldi Kakaýewi başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumy boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky çözgüdi hökümetiň şu ýylyň birinji çärýegine bagyşlanylyp geçirilen giňişleýin mejlisinde kabul etdi. Ý. Kakaýewiň tejribesini “Galkynyş” käninden beýleki ugurlar boýunça gaz geçirijileriniň täze taslamalaryny işläp taýýarlamak ugrundaky işlerde peýdalanmak kararyna gelnendigi habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz häzire çenli Döwlet ministri - “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy bolup işlän Maksat Babaýewi wise-premýer wezipesine belledi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Rejep Bazarowy başga işe geçmegi sebäpli, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesinden boşatmak hakynda Permana gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine Esenmyrat Orazgeldiýewi belläp, ony Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy.

Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine Taňryguly Atahallyýew bellendi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter