Türkmenistanda himiýa senagaty işgärleriniň güni döredildi | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanda himiýa senagaty işgärleriniň güni döredildi

опубликованно 05.04.2017 // 1237 - просмотров
 

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz “Himiýa senagaty işgärleriniň gününi döretmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň işe girizilen güni bolan 31-nji mart hünär baýramçylygynyň güni hökmünde saýlanyp alyndy.

Merkezi Aziýa sebitinde Kaliý dökünlerini öndürmek boýunça iň iri kombinat bolan ägirt uly senagat desgasynyň açylyşyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko gatnaşdylar.

Kuwwaty ýylda 1 million 400 müň tonna kaliý hloridini öndürmäge ukyply kärhana “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň buýurmasy boýunça Belarus Respublikasynyň “Belgorhimprom” açyp görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan türkmen hünärmenleri bilen hyzmatdaşlykda guruldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter