Awazada Aziada-2017-ä bagyşlanan Halkara sport kongresi geçiriler | TDH
Sport

Awazada Aziada-2017-ä bagyşlanan Halkara sport kongresi geçiriler

опубликованно 05.04.2017 // 981 - просмотров
 

2017-nji ýylyň 7-nji aprelinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkara sport kongresi geçiriler. Forumyň guramaçylary bolup Sport baradaky döwlet komiteti, VAziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitet we Türkmenistanyň DIM çykyş edýär.

Geçiriljek forum dünýäniň sport jemgyýetçiligini Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge taýýarlyk görlüşi bilen giňden tanyşdyrmaga, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.

Forumyň Maksatnamasy Aziada-2017-niň tanyşdyrylyş dabarasyny, daşary ýurtly myhmanlary paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigi bilen tanyşdyrmagy hem-de birnäçe beýleki çäreleri, şol sanda "Awaza" sport toplumynyň açylyş dabarasyny, medeniýet we sungat ussatlarynyň uly konsertini özünde jemleýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter