“Awazada” täze desgalaryň açylyş dabaralary | TDH
Jemgyýet

“Awazada” täze desgalaryň açylyş dabaralary

опубликованно 04.07.2015 // 910 - просмотров
 

Türkmenbaşy, 4-nji iýul (TDH). Şu gün agşam Awaza milli syýahatçylyk zolagynda şypahana düzüminiň täze desgalarynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu ýerde deňiz kenaryna bezeg beren seýilgäh-dynç alyş toplumlarynyň üçüsiniň açylyş dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, buýrujylaryň we daşary ýurt kompaniýalarynyň—desgalary guran baş potratçylaryň tarapyndan kärhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Şeýle hem dabara gatnaşanlaryň hatarynda Balkan welaýatynyň we Türkmenbaşy şäheriniň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar bar.

Deňiz şypahanasynyň kenarynda Tebigaty goramak ministrliginiň “Älemgoşar” oýun attraksionly seýilgähden Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň “Jadyly kenar” seýilgähine çenli aralykda baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär. Ýollaryň ugrunda we ulanmaga beriljek desgalaryň öňünde baýramçylyk görnüşinde bezelen elleri dürli reňkli baýdajykly we şarly adamlar durlar.

Şypahana zolagynda açylyp ulanmaga berilýän desgalaryň başy “Äleimgoşar” oýun attraksionly seýilgähden başlanýar. Bu ýere wise-premýer S.Satlykowyň ýolbaşçylygynda gelen wekiliýet myhmansöýerlik bilen garşylanylýar. Olara Ýartygulak hem-de onuň ertekilerdäki dostlary Balkanabat şäheriniň mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde çaý hödür edýärler. “Hazar nagmalary”, “Güller”, “Balkan” we beýleki aýdym-saz toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdymlar ýaňlanýar, olar Esenguly, Magtymguly etraplarynyň, Balkanabat we Hazar şäherleriniň medeniýet bödümleriniň we sungat mekdepleriniň işgärlerinden we okuwçylaryndan düzülendir. Myhmanlar “Älemgoşar” oýun attraksionly seýilgäh toplumynyň çägine girýärler, bu ýerde köpsanly oýun awtomatlary, boulingleri, gülki otaglary we çagalar hem-de ulular üçin niýetlenen beýleki attraksionlar bar.

Bu ýerde ýygnananlara ýüzlenip, uly nesliň wekilleri—hormatly ýaşulular we kümüş saçly eneler çykyş edýärler, olar ýygnananlaryň ählisini, ilkinji nobatda bolsa çagalary bu ajaýyp seýilgähiň açylmagy bilen gutlaýarlar. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygy boýunça Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda bary-ýogy birnäçe ýylyň içinde emele gelen dünýä derejeli deňiz şypahanasy milli Liderimiziň durmuşa geçirýän oňyn syýasatynyň aýdyň nyşanydyr, “Döwlet adam üçindir!”diýen şygar bolsa bu syýasatda öz beýanyny tapýar. Halk hakyndaky, her bir maşgalanyň abadançylygy we sagdynlygy hakyndaky alada Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpdi özgertmeleriň we maksatnamalaryň esasy ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar.

Dabaraly pursat gelýär. Hormatly ýaşulular seýilgähiň girelgesinde däp bolan toý bagyny kesýärler. Türkmenistanyň şypahana merjeniniň täze desgasy açyldy. Ol Tebigaty goramak ministrliginiň buýurmasy boýunça “Şahin Inşaat” türk komaniýasy tarapyndan bina edildi.

Ýaşajyk sazandalaryň sazy astynda emeli kölüň üstünden gurlan köprüden geçip, wekiliýetiň agzalary öz adyna gelşip duran “Älemgoşar” seýilgähiň çägine girip, onuň attraksionlary bilen tanşyp başlaýarlar.

Myhmanlaryň öňünde ilki bolup “Gürleýän bag” attraksionyň ýanynda Balkan welaýatynyň bilim departamentiniň ýaşajyk artistleri “Akpamyk” ertekisi boýunça sahnajygy görkezýärler. Bu sahnada attraksionyň özüne hem uly ornun degişlidir. Soňra Magtymguly etrabynyň medeniýet bölüminiň döredijilik topary halk ertekileriniň äheňleri boýunça çykyşy ýerine ýetirýärler.

Bu ýerde 10 gektar meýdanda dürli oýunlaryň, güýmenjeleriň hakyky merkezi ýerleşýär. Olary döretmek üçin attraksion enjamyny öndürýän dünýäde öňdebaryjy kompaniýalaryň iň gowy gazananlary peýdalanyldy. Seýilgähiň çäklerinde dürli oýun oýnalýan desgalaryň elliden gowragy ýerleşdirildi. Olaryň hatarynda 15-den gowrak attraksion biri-birine sazlaşykly bina edilipdir. Aň-gözýetimi ösdürýän, dynç alyş we başdan geçirmeler oýun attraksionlarynyň hatarynda “Syn ediş diňini”, “Haýwanat dünýäsini”, “Howa, desant atyşygy”, “Buz—telewizor”, “Awtoduralga”, “Elhençlikler jeňňeli” , “Amerikan depejikleri” we beýlekileri görkezmek bolar. Şeýle hem bu ýerde “Bugi-Bugi”, “Uçýan tabaklar”, “Tüweleý”, “Täsin taksiler”, “Uçýan piljagazlar”, “Garakçylar gämisi” we beýleki dürli sallançaklar we hiňňillikler bar.

Bu ýerde ýörite açylyş dabaralary üçin teatryň artisleri sahnalary görkezýärler. Tomaşaçylaryň el çarpyşmalaryndan soň çagalar we ulular üçin bu ajaýyp sowgat – dynç almak we döredijilik üçin hemme şertler döredilen täze seýilgähiň gurulmagy mynasybetli hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözleri ýaňlanýar.

Seýilgähiň deňze golaý böleginde suw attraksionlaryndan we depejiklerden we üstünde toplary, baýdaklary hem-de başdan geçirmeler filmlerine degişli beýleki zatlar bolan gämili akwopark suw attraksionlarynyň ägirt uly toplumy bina edilipdir.

Bu toplamda eýýäm çagalar höwes bilen suwa düşýärler, belentlikden suwa bökýärler, suw depejiklerinde taýýarlar. Köp sanly çagajyklaryň şadyýan seslerinden, gülkülerinden aýratyn öwüşginli baýramçylyk dabarasy döreýär.

Suw attraksionlarynyň gabadynda häzirkizaman basketbol, kiçi futbol we tennis meýdançalary ýerleşdirilipdir, bu ýerde türgenler görkezme çykyşlaryny guradylar.

Deňziň hut kenarynda ýerleşen gadymy grek usulynda gurnalan amfiteatryň sahnasynda Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artisleri çykyş edýärler. Olar tomaşaçylary şadyýan degişmeleri, gülküli başdan geçirmeleri baradaky sahnalary bilen begendirdiler.

Indiki meýdançada myhmanlaryň öňünde başga görnüş ýaýbaňlanýar—demirýol lybasyndaky çagalar özleriniň otlulary sürüp, ýolagçylar üçin Watanymyzyň ajaýyp künjeklerini açyp görkezmegi hem-de ol ýerler bilen syýahatçylary tanyşdyrmagy arzuw edýändikleri barada biri-biri bilen gürleşýärler. Bu sahnajyk ýer ýüzünden ähli jahankeşdeleri Diýarymyzyň ajaýyp ýerlerinde gezmäge çagyryş bolup ýaňlandy hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki günde täze görnüşde gaýtadan dikeldilýändiginiň nyşany boldy.

Gülläp ösýän abadan ýurtda, çagalaryň ähli arzuwlarynyň, röwşen umytlarynyň we maksatlarynyň hasyl bolýan mekanynda ýaşamak bagty üçin ýaş nesliň adyndan milli Liderimize hoşallyk sözleri ýaňlanýar.

Bu ýerde Balkan ýaşlar merkeziniň döredijilik toparlary, Balkan welaýatynyň çagalar sungat mekdebiniň orkestri we hory “Aladaň üçin sag bol, Arkadag!” atly aýdymy ýerine ýetirýärler. Amfiteatryň golaýynda Balkan welaýatynyň “Abatjyk” we “Şadyýan” tans toparlary küşt depdi tansyny ýerine ýetirýärler. Bu ýerde höküm sürýän şadyýanlyk, durmuş bagtyýarlygynyň baýramçylygy täze restoranyň diwarlarynyň aýnalarynda şöhlelenýär, ol seýilgähiň bu böleginde deňziň tebigy gaýajygynda gurlupdyr.

Awazanyň täze desgalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşýan hökümet wekiliýeti “Älemgoşar” seýilgähi bilen tanyşlykdan soňra köpgatly 266 orunlyk awtouduralga gelýär.

Innowasiýa häsiýetli bu awtoduralga Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrap häkimliginiň buýurmasy boýunça Türkmenistanyň gurluşyk ministrliginiň üçünji gurluşyk-gurnama müdirligi tarapyndan bina edildi. Bu ýerde myhmanlary Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we beýleki döredijilik toparlary aýdym-saz, tanslar bilen garşylaýarlar. Häzirkizaman awtoduralganyň açylyş dabarasy tamamlanandan soň, bu ýere dürli kysymly ýalpyldap duran awtoulaglar gelýär.

Soňra deňziň şypahana zolagynda Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň buýurmasy boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň önümçilik düzümleri tarapyndan gurlan “Deňiz merjeni” dynç alyş seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy. Täze dynç alyş we oýun merkezi 5 gektar meýdandan ybarat bolup, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp künjeginde häzirkizaman ülňülerine laýyklykda bina edildi we ol tebigy iki gatdan ybaratdyr.

Onuň ýokarky gatynda öwüşgin saçýan hiňňillikler, sallançaklar, depejikler, oýun oýnalýan meýdançalar we beýleki çagalar attraksionlary ýerleşýär. Seýilgähiň esasy girelgesinden deňze çenli dowam edýän merkezi alleýada suwa düşülýän ýere çenli giň merdiwanlar gurnalypdyr. Seýilgähiň aşaky böleginde hem köp sanly çagalar oýun meýdançalary, oňaýly telärler we kafeler ýerleşýär. Bu ýerde deňziň golaýynda üçeginde tomusky kafesi bolan restoran-- bar ýerleşýär. Iki gatly “Deňiz merjeni” medeni-dynç alyş merkezinde çagalara köp sanly oýun awtomatlary we uly möçberli şekilleri görkezýän 9D kinoteatry garaşýar. Bu ýere dynç almaga gelýän şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary bilýard hem oýnap bilerler, soňky döwürde sportuň bu görnüşine aýratyn derejäniň berilmegi bilen baglylykda onuň meşhurlygy artýar.

“Deňiz merjeni” dikeldiş zolagynda wagtyňy peýdaly geçirmek üçin ähli şertler döredilipdir. Şeýle hem bu ýerde plýaž woleýboly üçin meýdança, dükan, erkekler we aýllar üçin aýry-aýrylykda egin-eşik çalşyrylýan otaglary bolan suwa düşülýän jaýlar gurlupdyr.

Mundan başga-da, bilýard 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň hem maksatnamasyna girýär. Sportuň bu görnüşi boýunça ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň mynasyp çykyş etmegi üçin ýakynda Türkmenistanyň bilýard boýunça federasiýasy döredildi. Şeýle hem birnäçe gün mundan öň bilýard boýunça ýurdumyzyň kubogy ugrundaky ilkinji ýaryşlar geçirildi.

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin köpugurly dynç alyş we oýun seýilgähleriniň açylmagy döwlet Baştutanymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar astynda geçirilýän durmuş syýasatyna laýyklykda raýatlaryň netijeli we amatly dynç almaklary üçin ähli şertleri döretmäge aýratyn üns berýändiginiň subutnamasydyr. Täze seýilgähiň açylmagy mynasybetli Hazar şäheriniň “Akjaýar” folklor topary, Magtymguly etrabynyň “Summar” we Serdap etrabynyň “Köpetdag aýdym-saz toparlary ýörite baýramçylyk çykyşlaryny taýýarlapdyrlar. Olaryň “Eger daşdan myhman gelse” we “Gelinler we gaýyneneler” atly durmuşy sahnajyklary ýygnananlaryň el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Balkan welaýatynyň sungat mekdebiniň “Bahar nagmalary” akkordeonçylar toparynyň çykyşy hem tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň “Jadyly kenar” oýun attarksionlary seýilgähiniň açylyş dabarasy hem uly ruhubelentlik ýagdaýynda geçýär, ol “Çeper gurluşyk” türkmen gurluşyk firmasy tarapyndan bina edildi. “Jadyly kenar” seýilgähiniň esasy girelgesiniň öňünde resmi wekilleri Türkmenbaşy şäheriniň sungat mekdebiniň çagalary öz şadyýan çykyşlary bilen garşylaýarlar. Ýörite gurnalan sahnada Türkmenbaşy şäheriniň sungat mekdebiniň “Arzuw”, “Güneş” tans toparlary, Türkmenbaşy şäheriniň kenar etrabynyň medeniýet bölüminiň “Hazar merjenleri” topary, Türkmenbaşy şäheriniň medeniýet bölüminiň “Awaza”, “Owaz” toparlary skripkaçylar topary we Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň hünärment mekdebiniň “Deňiz tolkunlary” topary çykyş edýär.

“Jadyly kenar” seýilgäh-dynç alyş toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşan döredijilik toparlarynyň bileleşip ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Aýterek-Günterek, Arkadagymyz gerek” aýdymyň ýaňlanmagy bilen bu çäräniň aýdym-saz maksatnamasy tamamlanýar.

Seýilgäh sungatyny döretmegiň ýörelgelerine laýyklykda, 10 gektara golaý meýdanda 40-dan gowrak bina, tehniki desgalar, kiçeňräk binagärlik we inženerçilik desgalary ýerleşdirilipdir, olaryň 28-si attraksionlardyr. Olaryň her biri dynç alyş pudagynyň iň täze binalary bolup durýar. Köp sanly her dürli hiňňilliklerden, sallançaklardan, awtoduralgalardan, uçarlardan, demir ýollaryndan we beýleki oýun meýdançalaryndan başga-da, bu ýerde çagalar we ulular üçin hakyky attraksionlaryň toplumy döredilipdir. Olaryň hatarynda “Kyrkaýagy”, “Aerostaty”, “Şadyýan böküşi”, “Belentden gaýtmagy”, “Akulaň ýanyna syýahaty”, “Uçýan kitleri”, “Garakçylaryň gämisini” we attraksion tehnikasynyň we beýleki täzeliklerini görkezmek bolar. “Dinozawrlaryň jeňňelligi” çärä gatnaşyjylarda has ýiti täsir galdyrdy, ony “Ýursk döwrüniň seýilgähi diýip atlandyrýarlar. Bu “jeňňellikde” tirannozawrlaryň, diplodoklaryň, sterozawrlaryň we beýlekileriň ululygy ýaly şekilleri gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. Olaryň golaýynda dişleri ullakan piteroaktiw guşy hamala diri ýaly ganatlaryny ýaýýar. Ýüzlerçe million ýyl mundan ozal ýaşap geçen dinozowrlar özlerine berkidilen elektron enjamlary arkaly gorkuly sesleri ýaňlandyryp, çagalary hem ululary hem gorkuzýar.

“Jadyly kenar” attraksionlar seýilgähiniň medeni dynç alyş merkezi çagalar hem ýaşlar üçin hakyky täsinlikdir. Oňa giň alleýa alyp barýar, alleýanyň iki tarapynda hem doňdurmalar, beýleki süýji we sowadylan içgiler satylýan dükanlar ýerleşýär, olar ýelken görnüşinde gurlupdyr. Şeýle hem seýilgähe alyp barýan alleýanyň ugrunda goýry kölegeli telärler we
kafe-barlar hatara düzülipdir.

“Jadyly kenar” medeni dynç alyş merkeziniň oýun awtomatlarynyň elektron enjamlarynyň görnüşlerine baha bermek mümkin däl diýen ýalydyr. Olar şeýle köp we gyzyklydyr hem kiç kimi biperwaýsyz goýmaýar. Medeni dynç alyş merkeziniň ak mermerli binasynyň penjirelerinden deňiz gözýetiminiň açylmagy onuň ýene bir aýratynlygydyr.

Şu gün şeýle hem ulanmaga berlen ähli seýilgäh-dynç alyş toplumlarynda attraksionlar işe girizildi. Olary synamak üçin ilki bilen Awazanyň çagalar sagaldyş merkezlerinde dynç alýan körpeler çagyryldy. Konsert meýdançalarynda bolsa şanly waka mynasybetli paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen artistler çykyş etdiler.

“Arzuw” myhmanhanasynda täze binalaryň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar üçin türkmen halkynyň durmuş-ykdysady ösüşleriniň ruhlandyryjysy we guramaçysy bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna agyzaçar sadakasy berildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter