Awazada iri sport desgasynyň ulanmaga tabşyrylamgy telekeçiligiň ýokary ösen derejesine şaýatlyk edýär | TDH
Ykdysadyýet

Awazada iri sport desgasynyň ulanmaga tabşyrylamgy telekeçiligiň ýokary ösen derejesine şaýatlyk edýär

опубликованно 07.04.2017 // 892 - просмотров
 

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda açylan Sport toplumy hususy gurluşyk kompaniýasy tarapyndan bina edildi. Munuň özi ýurdumyzda telekeçiligiň ýokary ösüş derejesinden habar berýär.
Türkmenistanyň Senagat ministrligi bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, taslama ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Myradym” hususy kärhanasy tarapyndan durmuşa geçirildi. Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynyň işini höweslendirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçiriýän strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça bu ugurda hususy işewürligiň ösmegi üçin has amatly şertleriň döredilmegini üpjün etmek boýunça netijeli çäreler görüldi.
Hususy kompaniýalar ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli milli maksatnamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda olara uly gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek ynanyldy. Olar "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmäge üstünlikli gatnaşýarlar. Bu ýerde ozal açylan döwrebap şypahanalar hem-de şu gün ulanmaga berlen köpugurly sport toplumy munuň aýdyň subutnamasydyr.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter