Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde iş maslahatyny geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde iş maslahatyny geçirdi

опубликованно 07.04.2017 // 917 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz dürli ulgamlardaky, sebitlerdäki işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyykly geçirilýän çäreler, öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk baradaky olaryň hasabatlaryny diňledi.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly kongresiň jemleri maslahatda garalan aýratyn mesele boldy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Aziada-2017-ä taýýarlyk görmegiň ýokary derejesini üpjün etmek babatynda degişli düzümleriň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitledi, bu Oýunlar halkara sport hereketiniň mundan beýläkde ösdürilmegine uly goşant goşmalydyr, şeýle hem milli sportuň dünýä derejesindäki ornuny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyz Aziada-2017-niň başlanmagyna galan döwrüň dowamynda bu ugurda ähli tagallalaryň edilmelidigini hem-de zerur çäreleriň görülmelidigini belläp, maslahaty tamamlady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter