RLDP-niň ýolbaşçysy W.Žirinowskiý mähirli garşylanandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi | TDH
Syýasat habarlary

RLDP-niň ýolbaşçysy W.Žirinowskiý mähirli garşylanandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi

опубликованно 11.04.2017 // 951 - просмотров
 

Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň fraksiýasynyň ýolbaşçysy Wladimir Žirinowskiý hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat ýollap, Türkmenistanda RLDP-niň wekiliýetiniň mähirli garşylanandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

“Biziň Türkmenistanda kabul edilişimiz ýaly myhmansöýerlige we hoşniýetlilige dünýäniň başga hiç bir ýurdunda duş gelmek mümkin däl. Siz-hakyky Prezident, öz halky we ýurdunyň ösüşi barada alada edýän hakyky ýolbaşçy!

RLDP-niň wekiliýetiniň kalby Size we türkmen halkyna hormat-sarpa duýgusyndan doludyr. Bu sapar biziň ýadymyzda hemişelik galar.

Size berk jan saglyk, rowaçlyk hem-de Türkmenistanyň abadançylygynyň bähbidine täze üstünlikler arzuw edýäris” diýilip Wladimir Žirinowskiniň hatynda aýdylýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter