Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

опубликованно 30.06.2015 // 920 - просмотров
 

Aşgabat, 30-njy iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetiren işleriň netijelerine garaldy, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň netijelliligini ýokarlandyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de olaryň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän gaýragoýulmasyz çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berildi. Ol şu ýylyň alty aýynyň dowamynda ýerine ýetirilen işler we ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň hem-de ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamagyň hasabyna milli goşunymyzyň kuwwatyny artdyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän toplumlaýyn Harby doktrinanyň çäklerinde görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Milli howpsuzlyk ministriň ýolbaşçysy şeýle hem ýolbaşçylyk edýän ministrligi tarapyndan döwletimiziň bähbitlerini goramak we jemgyýetimizde asudalygy saklamak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Munuň özi durmuş-ykdysady ösüşiniň milli maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň hem-de türkmen döwletiniň döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe gitmegini üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bitarap Türkmenistan özygtyýarly döwlet bolmak bilen, parahatçylyk söýüji türkmen halkynyň asuda we abadan durmuşynyň girewi bolan milli howpsuzlyk barada yzygiderli alada etmelidir diýip nygtady.

Soňra Döwlet serhet gullygynyň başlygy M.Yslamow ýolbaşçylyk edýän düzümindäki işleriň ýagdaýy hem-de hasabat döwründe gullugyň öňünde eziz Watanymyzyň mukaddes serhetlerini pugtalandyrmak boýunça goýlan wezipeleriň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, serhetçileriň gulluk we ýaşaýyş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän makstatnamalaýyn çäreler barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz serhet goşunlarynyň gullukçylarynyň üstüne ýüklenen aýratyn jogapkärçilik barada aýdyp, olaryň Döwlet serhetlerini ygtybarly goramak, onuň dostluk serhedine öwrülmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns bermelidiklerini nygtady. Köp asyrlaryň dowamynda Türkmenistany goňşy döwletler bilen däp bolan dostluk gatnaşyklary hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Milli Liderimiz ýokarda aýdylyp geçilen ugurlarda işleri dowam etmegi tabşyryp, döwletimiziň mundan beýläk hem serhet galalarynyň döwrebap binalarynyň gurluşygyna aýratyn üns berjekdigini belledi. Häzirki wagtda serhet galalarynda Watan goragçylarynyň gulluk etmegi hem-de ýaşaýyş-durmuş üçin ähli amatly şertler döredilýär.

Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk edýän ministrliginiň şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berip, milli Lidermiziň başyny başlan harby özgertmelerini durmuşa geçirmek babatda uly üstünlikleriň gazanylandygyny belledi. Şol özgertmler bolsa, ilkinji nobatda, milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga we ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamaga gönükdirilendir.

Şeýle hem ol goşun düzümleriniň arasynda harby-taktiki okuw boýunça türgenleşik işleriniň geçirilendigini habar berildi. Munuň özi goşunlaryň şahsy düzümleriniň harby taýýarlyk derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýär. Harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň gulluk etmegi hem-de ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ministrligiň garamagynda täze desgalaryň, hususan-da, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar.

Belent Serkerdebaşymyz hasabaty diňläp, kabul edilen we üstünlikli durmuşa geçirilýän, goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň ýurdumyzyň parahat we asuda durmuşyny goramagyň kepili bolup durýandygyny, bitarap Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegi, onuň halkara giňişliginde möhüm orun eýelemegi üçin ähli şertleri döredýändigini nygtady. Bu harby doktrina harby ulgamda amala aşyrylýan döwlet syýasaty nazara alnyp işlenip taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz harby ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň barşyna, umuman, kanagatlanma bildirip, serkerdeler düzümine gaýduwsyz ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini mynasyp dowam etdirýän ýaş harby gullukçylaryň we esgerleriň watançylyk terbiýesi boýunça işleri hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny nygtady.

Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Hususan-da, ministr ýolbaşçylyk edýän edaralarynyň işi barada hasabat berdi. Häzirki wagtda olar ýurdumyzda jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmek, kanun bozmalaryň, şol sanda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça sazlaşykly işleri alyp barýar. Şeýle hem ministr ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygyny, ýol-ulag hereketiniň sazlaşygyny üpjün etmek babatda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işler barada aýtdy.

Milli Liderimiz Içeri işler ministrliginiň tertip-düzgüni we jemgyýetçilik durnuklylygyny üpjün etmek işine saldamly goşant goşýandygyny belläp, içeri işler edaralarynyň şahsy düzüminiň hatarlarynda düzgün-nyzamy berk berjaý etmegi tabşyrdy. Bu düzümiň işgärleriniň üstüne jogapkärli wezipeler ýüklenildi. Tomus paslynyň yssy günlerinde ýangynlaryň döremek howpunyň ep-esli artýandygy bilen baglylykda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri güýçlendirmegiň möhümdigine aýtaryn üns çekildi. Şeýle hem milli Liderimiz paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýol-ulag hereketiniň sazlaşykly alyp barmak boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýewiň hasabaty diňlenildi. Ol döwlet Baştutanymyza şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işine gözegçilik etmek we umuman, ýurdumyzda kanunçylygyň we tertip-düzgüniň berjaý edilişini üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow prokuraturanyň işgärleriniň üstüne uly jogapkärçiligiň ýüklenendigini, olaryň her biriniň hallalygyň we adalatlylygyň nusgasy bolmalydygyny aýdyp, mundan beýläk-de işgärleri seçip almak syýasatyna uly üns bermegi tabşyrdy. Tutuş düzümiň sazlaşykly işlemegi hem hut şu syýasatyň netijelliligine baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy B.Çaryýewe söz berildi. Ol hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek bu işiň möhüm ugry bolup durýar.

Milli Liderimiz kazylaryň üstüne uly jogapkärçiligiň ýüklenendigini aýdyp, mundan beýläk hem öz işini gowy bilýän, ýokary hünärli işgärleri seçip almak meselesine aýratyn üns bermegi talap etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda anyk tabşyryklary berip, kazyýet işgärleriniň kanunlaryň goragynda berk durmak bilen, öz işinde esasy ýörelgä – her bir işe seredilende, ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny berk berjaý etmek ýörelgesine eýermelidigini nygtady.

Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow milli Liderimiz tarapyndan tassyklanan, neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna garşy göreşmäge we olary ýok etmäge, şeýle hem häzirki türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge we saglygy üçin zyýanly endikleri aradan aýyrmaga gönükdirilen maksatnamalarynyň çäklerinde ýarym ýylyň dowamynda geçirilen işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar edilmegi ýurdumyzda ileri tutulýan meseleleriň biri bolup durýandygyny aýdyp, gullugyň ýolbaşçysyna ilatyň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň arasynda düşündiriş işleriniň geçirilmegine, dürli duşuşyklaryň, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çäreleriniň gurulmagyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz gullugyň amala aşyrýan çäreleriniň möhümdigi barada aýdyp, gyzyklanma bildirilýän düzümleriň ählisi, ilkinji nobatda, hukuk goraýjy edaralar, bilim hem-de saglygy goraýyş edaralary, jemgyýetçilik we halkara guramalary bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmagyň wajypdygyny nygtady. Şunuň netijesinde köpçüligiň tagallasy bilen bu nogsanlygyň garşysyna böwet goýulmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Bu düzümiň işi bolsa özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini giňden wagyz etmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gullugyň üstüne ýüklenen wezipäniň wajypdygy barada aýdyp, diňe bir ägirt uly ykdysady üstünlikleri bilen däl, eýsem, täsin tebigy we taryhy-binagärlik ýadygärlikleri bilen giňden meşhur bolan Türkmenistan bilen ýakyndan tanyşmaga isleg bildirýän golaýdaky we alysdaky ýurtlaryň halklarynyň biziň ýurdumyza gyzyklanma bildirmegi köp babatda migrasiýa gullugynyň işgärleriniň takyk we sazlaşykly işlemegine baglydyr diýip nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimize 2015-nji ýylyň birinji ýarymynda gümrük gullugynyň düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we gümrük edaralarynyň işgärleri üçin zerur bolan gulluk we durmuş şertlerini seretmek, şol ulgam üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň dünýäniň beýleki döwletleri bilen ykdysady gatnaşyklarynyň has işjeňleşmegi hem-de giňelmegi netijesinde Türkmenistanyň serhediniň üstünden geçýän harytlaryň we ýükleriň möçberleriniň yzygiderli artýandygyny hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň sanynyň ep-esli köpelendigini kanagatlanma bilen belläp, gümrük gullugynyň ýolbaşçysyna ýükleriň içgin gözden geçirilmegini üpjün etmek hem-de gadagan edilen kontrabanda önümleriniň getirilmeginiň öňüni almak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhammedow 2015-nji ýylyň birinji ýarymynda milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ony halkara hukugynyň kadalaryna laýyk getirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işlere oňyn baha berip, hukuk ulgamynda amala aşyrylýan, täze taryhy eýýamyň -- Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli çözmäge gönükdirilen özgertmeleriň möhüm ähmiýetini aýratyn nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary jemläp, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň sazlaşykly işi üçin Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna minnetdarlyk bildirdi hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň esaslaryny pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň döredijilik we durnukly ösüş ýoly bilen ynamly öňe gitmegini üpjün etmäge goşýan goşandyna ýokary baha berdi.

Milli Liderimiz Garaşsyz we Bitarap döwletimiziň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinany üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň gulluk etmegi we ýaşaýyş-durmuşy üçin ähli amatly şertleri döretmäge mundan beýläk-de uly üns berjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, harby işgärleriň söweşjeň we hünär taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmak, garamagyndaky desgalaryň ählisiniň, şol sanda döwrebap edara-binalarynyň, harby şäherjikleriň, serhet galalarynyň, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşyna berk gözegçiligi amala aşyrmagyň wajypdygy bellenildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki käbir meselelere hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini tamamlap we şu ýylyň birinji ýarymynda geçirilen işlere kanagatlanma bildirip, ýygnananlara berk jan saglyk, abadançylyk hem-de eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter