Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ermenistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ermenistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

опубликованно 29.06.2015 // 866 - просмотров
 

Aşgabat, 29-njy iýun /TDH/. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Dostlukly döwletiň Baştutany pursatdan peýdalanyp, türkmen Liderini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de bagt, uzak ömür we ähli asylly başlangyçlarynda täze uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, soňky ýyllarda ösüşinde hil taýdan täze depgine eýe bolan türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini nygtady.

Türkmenistanyň we Ermenistanyň Baştutanlary söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi hem-de dürli pudaklarda netijeli özara gatnaşyklary giňeltmek üçin bar bolan mümkinçilikler babatda hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň uzakmöhletleýin bähbitlerine kybap gelýän özara peýdaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Şunuň bilen birlikde, söhbetdeşler Türkmenistanyň hem-de Ermenistanyň halklarynyň arasynda gadymy dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýän medeni-gumanitar hyzmatdaşlygynyň ähmiýetli ornuny nygtadylar.

Taraplar özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara häsiýetli wajyp meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar. Türkmen Lideri şu ýylyň ýurdumyz üçin hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygy bilen alamatlanandygyny aýdyp, Ermenistan Respublikasynyň Baştutanyny bu şöhratly senä bagyşlanan Halkara maslahatyna çagyrdy.

Telewon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Serž Sargsýan iki tarapyň hem hoşniýetli erkine, özara hormat goýmak we netijeli hyzmatdaşlyk etmek ýörelgelerine esaslanýan däp bolan dostlukly türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Hoşlaşanlarynda iki ýurduň Liderleri birek-birege saglyk we üstünlik, Türkmenistanyň we Ermenistanyň halklaryna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny aýtdylar.

Telefon arkaly söhbetdeşlik ermeni tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter