Türkmenistanyň Prezidenti Astana geldi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Astana geldi

опубликованно 18.04.2017 // 893 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna geldi. Türkmenistanyň we Gazagystanyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Astananyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi Gazagystanyň resmi wekildleri we ýurdumyzyň hökümet toparynyň agzalary garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden Gazagystanyň Prezidenti Eursultan Nazarbpaýew bilen gepleşikleriň geçiriljek ýeri bolan “Akorda” köşgüne tarap ugrady.

Saparyň birinjäi gününde iki döwletiň Baştutanlary ikiçäk we giňişleýin düzümdäki gepleşikleri geçirerler.

Ýokary derejedäki türkmen-gazak gepleşikleriniň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekiler. Soňra Türkmenistanyň we Gazagystanyň Baştutanlary žurnalistler bilen duşuşyp, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş ederler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter