Aşgabatda Palestina Döwletiniň medeniýet günleri geçiriler | TDH
Medeniýet

Aşgabatda Palestina Döwletiniň medeniýet günleri geçiriler

опубликованно 21.04.2017 // 1014 - просмотров
 

Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri şu ýylyň 3-5-nji maýynda geçiriler. Çäräniň çäklerinde dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň konserti, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi geçiriler, kinofilmleriň görkezilişi bolar.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde dostlukly ýurduň wekiliýetini kabul etmegiň barşynda ynsanperwer ulgamda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar. Myhmanlar paýtagtymyzyň muzeýlerine hem-de beýleki ajaýyp ýerlerine baryp görerler.

Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň maýynda ýola goýuldy. 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbas bilen gepleşikleri geçirildi. Şonda hem Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň resmi açylyş dabarasy boldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter