2017-nji ýylda açylyp ulanylmaga berilmege degişli gurluşyk desgalarynyň sanawy tassyklanyldy | TDH
Ykdysadyýet

2017-nji ýylda açylyp ulanylmaga berilmege degişli gurluşyk desgalarynyň sanawy tassyklanyldy

опубликованно 21.04.2017 // 936 - просмотров
 

2017-nji ýylda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň sanawyny tassyklandy. Degişli Buýruga hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.

Sanawa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri, degişli ministrlikler hem-de pudak edaralary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan döwlet Baştutanymyzyň ozal kabul eden kararlaryna laýyklykda, gurulýan, umumy bahasy 6,7 milliard amerikan dollaryna barabar bolan dürli maksatly binalaryň we desgalaryň 586-sy girizildi.

Resminama ýurdumyzda kabul edilen durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek hem-de gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegine gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen taýýarlanyldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter