Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna pul we gymmat bahaly sowgatlar gowşurlar | TDH
Jemgyýet

Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna pul we gymmat bahaly sowgatlar gowşurlar

опубликованно 21.04.2017 // 1357 - просмотров
 

1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 72 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna hem-de uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna pul we gymmat bahaly sowgatlar gowşurlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky degişli Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmaga borçly edildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter