Hormatly Prezidentimiz Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýanynda Ahalteke bedewlerini öwrenmek boýunça ylmy merkezi döretmegi tabşyrdy | TDH
Jemgyýet

Hormatly Prezidentimiz Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýanynda Ahalteke bedewlerini öwrenmek boýunça ylmy merkezi döretmegi tabşyrdy

опубликованно 21.04.2017 // 929 - просмотров
 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýanynda Ahalteke bedewlerini öwrenmek boýunça ylmy merkezi döretmegi tabşyrdy. Munuň üçin ýurdumyzda döwrebap atçylyk sport toplumy hem, önümçilik binýady hem bar.

Döwlet Baştutanymyz ýakynlaşyp gelýän Türkmen bedewiniň baýramy barada aýdyp, ýurdumyzda behişdi bedewlerimizi ösdürip ýetişdirmek, seýislemek, at çapyşyklaryny guramak, halkara derejesindäki bäsleşikleri geçirmek boýunça zerur maddy-önümçilik binýadynyň döredilendigini belledi. Ahalteke bedewlerini öwrenmek babatda ylmy işleri has düýpli alyp barmak gerek diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda ahalteke atçylyk akademiýasynyň döredilmeginiň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy hem-de bu meseläni içgin öwrenmek barada degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter