Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady

опубликованно 21.04.2017 // 1036 - просмотров
 

Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady.

Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna iberilen hatda bellenilişi ýaly, diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy köpasyrlyk medeni aragatnaşyklara esaslanan hindi-türkmen dostlugynda täze sahypany açdy. Geçen çärýek asyryň içinde biziň halklarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklar sebitde parahatçylyk we rowaçlyk ugrundaky işlere goşant goşup giňeldildi hem-de çuňlaşdyryldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter